“Sewilýa” Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy we indiki möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş eder

0
619
“Sewilýa” Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy we indiki möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş eder

Ispaniýanyň “Sewilýasynyň” futbolçylary Ýewropa ligasynyň finalynda Dnepropetrowskiniň “Dneprinden” üstün çykdylar.

Dnepropetrowskiniň topary Nikola Kaliniçiň ýerine ýetiren dürs kelle urgusyndan soň, 7-nji minutda hasaby açdylar. Ispaniýalylara Gžegož Kryhowýagyň kömegi bilen 28-nji minutda hasaby deňlemek başartdy. Aradan üç minut geçip-geçmän “Sewilýa” öňe saýlandy: Karlos Bakka tapawutlandy. Muňa garamazdan, birinji ýarymyň ahyrynda jerime urgusyndan Ruslan Rotan hasaby deňledi. Andaluziýanyň toparyna ýeňiş getiren pökgini 73-nji minutda Bakka geçirip, şu duşuşykda iki gezek tapawutlanan oýunçy boldy. Şeýlelikde, “Sewilýa” bassyr ikinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýewropa ligasy. Final.

“Dnepr” (Dnepropetrowsk, Ukraina) – “Sewilýa” (Sewilýa, Ispaniýa) – 2:3

Pökgüleri geçirenler: Kaliniç, 7 (1:0); Kryhowýak, 28 (1:1); Bakka, 31 (1:2); Rotan, 44 (2:2); Bakka, 73 (2:3).

Duýduryş alanlar: Kankawa, 17; Kaliniç, 45+2; Bezus, 70; Rotan, 75; Matos, 83 – Kryhowýak, 45+2; Karrisu, 62; Bakka, 74.

“Dnepr” — “Sewilýa” duşuşygyndan taýýarlan fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň!  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň