Türkmenistan Täjigistanda geçiriljek küşt boýunça dünýä çempionatynyna gatnaşar

0
567
0
0

Küşt boýunça dünýä çempionatynyň sebit ýaryşy şu ýylyň 4—12-nji iýuny aralygynda Täjigistanyň “Hoja-obigarm” şypahanasynda geçiriler. Şeýle ýaryş Täjigistan Respublikasynda ilkinji gezek geçirilýär.

Täjigistanyň küşt federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ilhom Ýunusowyň berýän habaryna görä, bäsleşige zenanlar we erkekler gatnaşarlar. Çagyrylan küştçülerden başga-da, bu ýaryşa Täjigistanyň isleg bildiren beýleki raýatlary hem gatnaşyp bilerler, olar ýol üçin hem şypahanada bolnan günleriniň çykdajylaryny öz hasaplaryna tölemeli bolarlar.

Küşt boýunça dünýä çempionatynyň sebit ýaryşyna gatnaşmaga Türkmenistandan 1, Owganystandan 1, Özbegistandan 4, Gazagystandan 6 we Gyrgyzystandan 2 küştçi gyz isleg bildirdi. Olaryň 4-si grossmeýsterdir.

Erkekleriň arasynda 20 küştçi (8-si grossmeýster) bäsleşer. Olar Türkmenistanyň (7 küştçi), Owganystanyň we Özbegistanyň (6), Gazagystanyň (6) we Gyrgyzystanyň wekilleridir.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru