Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Horwatiýadaky medeniýet günleri başlady

06:3327.05.2015
0
2749

26-njy maýda Horwatiýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni çäre ýurtlaryň arasyndaky ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar.

Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin düzüminde döredijilik toparlary, medeniýet we sungat ussatlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bolan wekiliýet geldi. Türkmen wekiliýeti Zagrebde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň täsin toplumyny görkeziler. Ol Horwatiýa Respublikasynyň giň jemgyýetçiligine dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyna giren türkmen halkynyň milli taryhy we medeni mirasyny tanyşdyrmaga gönükdirilendir. 

Zagrebe baran türkmen wekiliýeti ýurduň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüljekdigi barada bir pikir aýdyldy.

Zagrebiň 1987-nji ýylda esaslandyrylan Mimara muzeýinde Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, birnäçe günüň dowamynda dünýäniň medeni eserleriniň arasynda mynasyp orun alar. 

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşyndan soň, uly baýramçylyk konserti boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlary dünýä we milli saz medeniýetiniň eserlerinden ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyna tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen baha berdiler.

Türkmenistanyň Horwatiýada Medeniýet günleri 29-njy maýa çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň