Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan “Täjigistan — Owganystan — Türkmenistan” demir ýol taslamasynda öz bölegi bilen bagly meseläni gutarnykly ylalaşdy

19:0826.05.2015
0
3309

Täjigistan Türkmenistan hem Owganystan bilen “Täjigistan — Owganystan — Türkmenistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynda öz bölegi bilen bagly meseläni gutarnykly ylalaşdy. Bu barada “Awesta” Täjigistanyň ulag ministrliginde habar berdiler.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, taslama laýyklykda, ady agzalan demir ýolunyň täjik bölegi Rumi—Kolhozabat—Aşaky Pýanj stansiýalaryny özünde jemlär we Owganystanyň Gundyzyna biriger. Taslamada demir ýoluň täjik böleginiň umumy uzynlygy 50 km deň bolar. Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, taslamanyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagyny işläp düzmek boýunça işleri maliýeleşdirmek meselesi heniz açyk bolmagynda galýar. Häzirki wagtda taslamanyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagyny maliýeleşdirmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş banky bilen gepleşikler geçirilýär.

Biraz öňräk AÖB-niň Täjigistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Si. Si. Ýu AÖB-niň 2015-nji ýyla niýetlenen nesýe gaznasynda taslamanyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagy üçin 9 mln. möçberdäki serişdäni goýbermegiň göz öňünde tutulandygyny mälim edipdi. (Täjigistanda we Owganystanda).

2013-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Owganystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri ýokarda ady agzalan demir ýolunyň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekipdiler.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň