Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ylmynyň häzirki döwürde gazananlaryny alamatlandyrýan “Ylym” binasy açyldy

15:1526.05.2015
0
5192

25-nji maýda Ýanbaş we Bekrewe köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan “Ylym” binasynyň açylyşy boldy.

“Ylym” binasy ýurdumyzyň ylmynyň ösmeginiň, onuň häzirki döwürde gazananlarynyň, bu örän möhüm ulgamyň hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarylandygynyň aýdyň alamatyna öwrüler.

Binanyň ýerden ýokarlygyna umumy beýikligi 36 metrdir. Onuň aşakdan ýokarlygyna uzalyp gidýän aýratyn binagärlik usulynda ýerine ýetirilen sütünleri ýokarky umumy binada birleşýär, ýokarky böleginiň açylan gülleriň keşbini ýatladýan görnüşde gurulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ylmynyň gülläp ösýändigini beýan edýär. Binanyň ýokarky böleginde Gün ulgamynyň 9 planetasynyň görnüşi şekillendirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň