Aşgabatda awtomobil sporty we hokkeý boýynça IIM-niň Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçirildi

15:0926.05.2015
0
962

Geçen dynç günlerinde guralan sport çäreleriniň hatarynda awtomobil sporty we hokkeý boýunça bäsleşikleri görkezmek bolar. Ýaryşlaryň ikisi hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde geçirildi.

Awtomobil ýaryşlarynda türgenler medallaryň 2 toplumy ugrunda hereketlendirijileriniň göwrümi 125 kub santimetr bolan “Halkara” derejeli kartingde we “Volkicar” awtoulaglarynda bäsleşikler geçirildi. Ýaryşlara IIM-niň awtomobil sporty merkeziniň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we Aşgabadyň “Pit stop” sport klubynyň toparlary gatnaşdylar.

Ýeňijiler üç gezek geçirilen bäsleşigiň netijesinde kesgitlenilýär, olaryň hersi umumy uzynlygy 10 kilometre deň bolan 6 aýlawa bölünýär. Her aýlawyň pellehanasynda türgeniň görkezen wagty hasaplanyp, degişlilikde utuklar berilýär. Şu gezekki bäsleşikde ýaryşlaryň iki görnüşi boýunça hem ikinji  aýlawdan soň birinji orna eýe bolanlar kesgitlenildi. Şeýlelikde, türgenleriň arasynda esasy çekeleşik kümüş we bürünç medallaryň ugrunda boldy.

Bäsleşikleriň jemleri boýunça Wýaçeslaw Şkunow birinji orna, Guwanç Hommadow ikinji orna we Annamuhammet Mejekow üçünji orna eýe boldular.

Kartingde birinji orny eýelän G.Hommadow “Volkicarda”  altyn medala we kuboga mynasyp boldy. Ikinji orny Myrat Mahtumow we üçünji orna Parahat Garlyýew eýe boldular. Baýrakly orna eýe olan türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Marks Orazmämmedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

... Hokkeý boýunça ýaryşlar IIM-niň sport toplumynda geçirildi. Baýrakly orunlar ugrunda 5 topar – “Galkan”, “Nesil”, “Şir”, “Oguzhan” we “Bürgüt” bäsleşdiler we ýeňijiler aýlaw görnüşli oýunlar boýunça kesgitlenildi.

IIM-niň kubogy ugrunda 2013 we 2014-nji ýyllarda ýeňiş gazanan “Galkan” topary tapawutlanar diýlip garaşylýar. Emma öňünden çaklaman, 27-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşlaryň tamamlanmagyna garaşalyň — diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň