Aşgabatda türkmen halkynyň bitewüligini alamatlandyrýan “Ak bugdaý” binasy açyldy

0
854
1
1

Arçabil şaýoly bilen B.Annanow köçesiniň aýlawly çatrygynda gurlan “Ak bugdaý” binasy açyldy.

Türkmenistanyň ak bugdaýyň watanydygyny alamatlandyrýan täze binanyň umumy beýikligi 36 metre barabardyr. Onuň ýokarky böleginde iki metr beýikligi bolan altynsow bugdaý sümmülleriniň şekili bar. Ol bäş sany kuwwatly sütün arkaly baglanyşýar.

Türkmen halkynyň bitewüligini alamatlandyrýan bu şekil milli ruhy gymmatlygymyz hökmünde  asyrlaryň jümmüşinden aşyp, şu günlerimize ýetipdir. Onuň binýadyndaky sekizburçlukdan sekiz küýzeden guýulýan suw bakylygy, mähriban topragyň jomartlygyny aňladýar. Umuman, ägirt uly bugdaý sümmüline meňzeş bu bina geçmişi, şu güni geljek bilen baglanyşdyrýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru