Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin “soňky jaň” ýaňlandy

0
1268
7
0

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň müňlerçe uçurymlary üçin “soňky jaň” ýaňlandy.

Şu gezekki Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlarynyň ugradylyşy aýratyn ähmiýete eýedir. Ol  2013-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, umumy orta bilimiň 12 ýyllyk ulgamyna geçilenden soň ilkinji gezek geçirilýär. Orta mekdeplerde okatmagyň möhletiniň halkara ölçeglerine kybap getirilmegi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga hem-de onuň düýpli özleşdirilmegine gönükdirilip, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýolundaky kanunalaýyk ädimdir. Döwlet Baştutanynyň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana hem-de “Türkmenistanda umumy we orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” Karara gol çekmegi bu ulgamyň ösdürilmegine uly itergi berdi.

Mekdep bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak  mekdep okuwyna nobatdaky möhüm täzelikleri girizdi hem-de ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelleşdirmek we grafika, maglumatlar-kommunikasiýa hem-de innowasiýa tehnologiýalary ýaly täze dersler okadylyp başlanyldy.

Döwlet Baştutanynyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly hökmünde türkmen mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara ders bäsleşiklerinde dürli ugurlar boýunça her ýyl gazanýan üstünliklerini görkezmek bolar.

Bu gün dabaralaryň esasy sebäpkärleri uçurymlar boldular. Olaryň adyna  mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar tarapyndan mähirli sözler we iň gowy arzuwlar aýdylýar, olar hem mekdep okuw ýyllarynyň tutuş dowamynda uçurymlaryň bilim-tebiýe alşyna buýsanç bilen syn etdiler.

Mekdeplerde geçirilen dabaraly çärelerden soň, aýratyn bezegli lybaslara beslenen uçurymlar özleriniň mähriban şäherleri we obalary boýunça däp bolan seýle çykdylar, köpçülikleýin gezelençler hem-de belli aýdymçylaryň we artistleriň gatnaşmagynda konsertler guraldy.

Türkmen paýtagtynda “soňky jaň” dabaralarynyň Aşgabadyň güni bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. Goşa baýram ýurdymyzyň ähli uçurymlary bilen 25-nji maýda bellenilýän şanly günüň şatlyklaryny paýlaşan aşgabatlylaryň göwnüni has-da göterdi.

Türkmenistanyň dürli şäherleriniň mekdepleriniň uçurymlary bu gün Aşgabadyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, beýleki ajaýyp künjeklerine baryp gördüler. Olaryň arasynda iň tapawutlanan uçurymlara okuwda ýokary ýetişigi, işjeň durmuş orny, aň-paýhas ugrunda üstünlikleri, döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri üçin höweslendiriji baýrak hökmünde paýtagtymyzyň hormatly myhmanlary bolmak hukugy berildi.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýörite gurnalan sahnalarda ajaýyp aýdym-sazlar, baýramçylygyň jadyly owazy giç agşama çenli ýaňlandy. Bu çäreleriň ählisi mekdep bilen, çagalyk bilen hoşlaşyp, täze durmuşa girişilýändigi alamatlandyrýar. Ol bolsa uçurymlara täze gymmatly bilimleri we möhüm açyşlary peşgeş eder. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru