Soňky habarlar

Arhiw

«Tomsuň şowhuny» eýelerine gowuşýar

00:1226.05.2015
0
10937

Şagalaňly tomus möwsümi ýetip gelýär. «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň düzümindäki «Kämil market» söwda bölümi ildeşlerimiziň tomus möwsümini has şadyýan we netijeli geçirmegi üçin ajaýyp sowgat taýýarladylar. Has takygy, «Kämil market» maý aýynyň 16-syndan 31-ne çenli «Tomsuň şowhuny» atly aksiýany ýola goýdy. Aýyň ahyryna çenli «Kämil marketden» 125 manatlyk söwda eden her bir adam ýörite ýere baryp, bije çekip bilýär. Utuşly aksiýanyň iň uly baýraklary bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zonasyndaky «Ýelken» ýaht klubynda dynç alyş sowgatlarydyr.

Market tarapyndan şowly alyjylara şeýle sowgatlaryň 10-sy göz öňünde tutulyp, şu güne çenli olaryň 5-si öz eýelerine gowuşdy. 16-njy maýda başlan aksiýanyň ilkinji ýeňijisine hepdäniň dynç alyş günlerinde 2 adama ýahtanyň döwrebap nomerleri iki günlük sowgat edildi.

Ildeşlerimiziň ýene biri bolsa ýanyna maşgala agzalaryndan ýa-da ýakyn dostlaryndan 5 adam alyp (jemi 6 adam) 2 sagatlap deňizde gezim etmäge hukuk gazandy. Şowly 10 bijäniň üçünjisinden paýly bolan ildeşimize iki adam bolup bir hepde dynç almaga hukuk berýän sowgat gowşuryldy. Dördünji ýeňijä bolsa 6 adamlyk willa bir hepdelik sowgat berildi.

     

«Türkmenportalyň» habarçysy aksiýanyň geçirilişi bilen gyzyklanyp, «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezine baranda ýene bir şatlykly wakanyň şaýady boldy.

 Ildeşimiz, «Soltan» restoranynyň işgäri Musa Baýramgulyýew «Kämil marketiň» goýan şowly bijeleriniň 5-njisine mynasyp boldy. Musa şatlygyny biz bilen şeýle paýlaşdy:

— Men restoranyň işi bilen «Kämil marketiň» hemişelik müşderileriniň birine öwrüldim. Her gezek hem aksiýalara gatnaşýaryn. Mundan öň men «Kämil marketiň» geçiren aksiýalarynda 66 gezek bije çekdim. Ýöne şeýle uly baýraga birinji gezek mynasyp bolýaryn. Meniň utuşym MTS-den bir sany kümüş belgi hem-de «Ýelken» ýaht klubynda bir aýlap saglygy saklaýyş maksatly dynç almak. Aslynda meniň ýeňşim bejerişiň uly toplumyny öz içine alýar. Onuň içinde lukmanyň gündelik gözegçiliginde bolmakdan başlap, şypaly howuzlar, massaž otaglarynyň hyzmatyndan peýdalanmak we beýleki hyzmatlar bar.  Şatlygymyň çägi ýok. Şeýle aksiýalary geçirip, alyjylary höweslendirip durýandygy üçin «Kämil markete» hoşallygymy bildirýärin.

Aksiýanyň ýeňijileri 30-njy iýuna çenli özleriniň islän wagtynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gidip bilýärler.

Ýeňijiniň ýol harajatyndan başlap, ähli çykdajylary «Kämil market» tarapyndan tölenilýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň