Soňky habarlar

Arhiw

“Balkan” möwsümiň netijeliliginiň rekordyny goýdy we çempionlyk ugrundaky göreşi ýitileşdirdi

23:4125.05.2015
0
5731

“Balkan” şu möwsümiň netijeliliginiň rekordyny goýdy. Topar Balkanabatdaky 13-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda 8:0 hasabynda “Daşoguzy” ýeňip, Türkmenistanyň çempionaty — 2015-de iň uly hasaply ýeňşini gazandy.

14-nji minutda güýçli urgusy bilen hasaby açan Serdaraly Ataýew derbi-dagynyň başyny başlady. Ol 37-nji minutda öz topary üçin 11 metrlik urgyny-da gazandy. Ony Myrat Ýagşyýew dürs ýerine ýetirdi. Aradan 3 minut geçip-geçmän, “Balkanyň” iň netijeli hüjümçisi hasaby 3:0-a çykardy.

Arakesmeden soň pökgini 14 metr çemesi aralykdan derwezä gönükdiren Serdaraly Ataýew möwsümde ilkinji gezek bir oýunda iki pökgi geçirdi. Myrat Ýagşyýew bolsa şu oýunda 3-nji gezek tapawutlanyp, 17 pökgi bilen çempionatyň netijeli hüjümçileriniň arasynda öňdäki orna geçdi.

63-nji minutda M. Ýagşyýew Amir Gurbanynyň “Daşoguzuň” derwezesine 6-njy pökgini geçirmegine ýardam etdi. Soňra ýer eýelerinden ikinji ýarymda oýna giren Nurtagan Mämmedalyýew tapawutlandy. Gutarnykly hasaby bolsa duşuşygyň tamamlanmagyna 2 minut galanda Begenç Annagurbanow goýdy.

Myhmanlaryň derwezesinden jogapsyz 8 pökgi geçirip, “Balkan” birinji aýlawda şol “Daşoguz” bilen bolan oýundaky netijeliliginiň rekordyny täzeledi. 4-nji tapgyryň şol duşuşygynda balkanlylar Daşoguz welaýatynyň merkezinde garşydaşyň derwezesine jogapsyz 6 gol geçiripdiler.

“Ahalyň” hem 1-nji tapgyrda öz meýdanynda Marynyň “Eenergetigi” 6:0 hasabynda ýeňendigini bellemek gerek.

29-njy maýda “Hazyna” — “Şagadam” we “Ahal” — “Merw” duşuşyklary bilen başlanjak 14-nji tapgyryň öňüsyrasynda “Balkan” öňde barýan “Altyn asyrdan” 2 utuk yza galýar. Diýmek, çempionlyk ugrundaky göreş ýiti häsiýete eýe bolýar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Balkan” – “Daşoguz” – 8:0 (3:0)

24-nji maý. Balkanabat. “Sport toplumy”. 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Serdaraly Ataýew 14, 52, Myrat Ýagşyýew 37 (11 metrlik urgudan), 40, 57, Amir Gurbani 63, Nurtagan Mämmedalyýew 83, Begenç Annagurbanow 87.

Duýduryş alanlar: Ýagşymyrat Annamyradow 62 – Meýlis Seýidow 17, Umytjan Kerimow 36, Hudaýguly Satyýew 53.

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Gözegçi emin: Geldi Öwezow.

13-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 17 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 13.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 11 (5).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň