Awstriýanyň paýtagty Wenada tamamlanan ses berişlige laýyklykda Ýewrowideniýe — 2015 halkara aýdym bäsleşiginiň ýeňijileri belli edildi.
Birinji orna Heroes aýdymy bilen şwesiýaly Mons Jalmerlew mynasyp boldy. Şwesiýaly aýdymçy özüniň ýeňendigini ses berlişik tamamlanmaka bildi, çünki ol ikinji orunda barýan ýurduň wekiliýetinden ep-esli öňde barýardy diýip, Новое время habar berýär.
Ikinji orny A Million Voices aýdymy bilen russiýaly Polina Gagarina eýeledi.
Üçünji orunda — Grande Amore aýdymy bilen Italiýanyň II Vola topary.
Dördünji orunda — Rhythm inside kompozisiýasy bilen Loik Notet (Belgiýa).
Bäşinji orunda — Tonight Again aýdymy bilen Gaý Sebastýan (Awstraliýa).
Netijeleriň doly sanawy:
1.Şwesiýa
2.Russiýa
3.Italiýa
4.Belgiýa
5.Awstraliýa
6.Latwiýa
7.Estoniýa
8.Norwegiýa
9.Ysraýyl
10.Serbiýa
11.Gruziýa
12.Azerbaýjan
13.Çernogoriýa
14.Sloweniýa
15.Rumyniýa
16.Ermenistan
17.Albaniýa
18.Litwa
19.Gresiýa
20.Wengriýa
21.Ispaniýa
22.Kipr
23.Polşa
24.Beýik Britaniýa
25.Fransiýa
26.Germaniýa
27.Awstriýa
Bäsleşigiň finalynda 27 ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Olaryň 10-sy geçirilen ilkinji ýarym finalda, 10-sy bolsa ikinji ýarym finalda saýlanyldy. Şeýle hem Awstriýa (geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde), Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, we ilkinji gezek gatnaşýan Awstraliýa saýlama tapgyrlara gatnaşmazdan finala çykdylar. Bäsleşige soňky 12 ýylyň içinde ilkinji gezek Ukraina gatnaşmady.