Soňky habarlar

Arhiw

Doktor Neda Berger ýörite “Türkmenportalyň” okyjylary üçin

01:1324.05.2015
0
5497

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda Awstriýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda Wenada Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy doktor Neda Bergeri kabul etdi. “Türkmenportal” Türkmen döwletiniň baştutany bilen bolan duşuşykdan galan täsirler barada gürrüň bermegi haýyş edip, hanym Bergere ýüz tutdy. Şu gün biz öz okyjylarymyzy Wenadan gelen hatyň mazmuny bilen tanyş edýäris.

—Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan resmi kabul edilmegim meniň durmuşymyň iň wajyp wakasy boldy. Duşuşyk diýseň tolgundyryjy bolup, kalbymy çäksiz duýgudan we joşgundan püre-pürledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany meniň ýedi ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekdäki ýygy, işewür gatnaşyklary we medeniýet, sungat we habarlary alyşmak babatda netijeli işleri ýola goýmakdaky möhüm ähmiýetini belledi.

Ýewropada ýaşaýanlaryň ählisi ýaly, menem öz-özüme sowal berýän, eýsem, Türkmenistanyň Prezidenti egsilmez gujur-gaýraty hem-de çuňňur ynamy nireden alýar? Prezident her günde, hepdede, aýda näçe sagat işleýär? Türkmenistanyň Prezidenti bir ýylyň dowamynda näçe kilometr ýol geçýär?

Prezidentiň ýüzündäki özboluşly hoşniýetli we ýürekdeş ýylgyryş mende hemişe ýiti täsir galdyrýar. Resmi kabul edişlik aýratyn dostlukly ýagdaýda geçdi. Men hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Wenada biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky umumy bähbitlere laýyk gelýän uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen döwletara gepleşikleriniň üstünliklere eýe bolmagy bilen gutladym.

Duşuşygyň barşynda biz Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň gelejekki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdyk. “GALKYNYŞ” türkmen-awstriýa orkestri, Awstriýanyň belli sazandalary bilen deň derejede öz sungatyny görkezýän türkmen sazandalarynyň ussatlygy barada gürrüň etdik. Ýewropada ýeke-täk bolan bu orkestriň Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň teklibi we başda durmagynda 2009-njy ýylda döredilipdi. Biz Aşgabatda guralýan Wena baly baradaky meselä hem degip geçdik. “GALKYNYŞ” žurnalynyň şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respublikasyna resmi saparynyň hormatyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan 3-nji sany, 2011-nji ýylda nemes we rus dillerinde Türkmenistanyň we türkmen jemgyýetiniň syýasy, diplomatik, ykdysady, medeni, sport we syýahatçylyk durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler barada habar berýän internet-sahypa jemgyýetiň taslamalarydyr. Dünýäniň 45 döwletinden bolan okyjylar biziň www.turkmenistan-kultur.at sahypamyzy okaýarlar. Olaryň sany bolsa barha artýar.

Duşuşygyň barşynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem aýratyn üns berildi. Bu sene 21-nji iýulda Aşgabat şäherinde belleniler.

Gürrüňdeşligimiziň barşynda men Türkmenistanda bolup görmäge çakylygy, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işine berýän uly ünsi, şeýle-de, 2014-nji ýylyň 17-nji dekabrynda maňa ýokary döwlet sylagyny — “Magtymguly Pyragy” medalynyň berilendigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdim. Bu meniň soňky 7 ýylda bitiren işlerime berlen ýokary bahadyr!

Men “Türkmenistanym” diýen goşgular ýygyndymy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ajaýyp döwürde ýaşaýan türkmen halkyna bagyşladym. Oňa “Türkmenistan we seniň Bitaraplygyň”, “Beýik Oglumyz”, “Mähriban 2015-nji ýyl”, “Awazam”, “Meniň dostum — meniň joram”, “Adamlar şu günde”, “Ak mermer şäherim — Aşgabat”, “Aşgabat we seniň Wena walsyň” ýaly şygyrlarym girizildi.

Men goşgular ýygyndymy Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berip, döwlet Baştutanyny Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen gutladym. Men milletiň Liderine we türkmen halkyna rowaçlyk, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň ýolunda üstünlikler we asmanyň arassa bolmagyny arzuw etdim.

Doktor Neda Berger, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti, “Galkynyş” žurnalynyň baş redaktory.              

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň