Sýurih şäherinde türkmen-şweýsar işewürler maslahaty geçiriler

0
506
0
0

8—10-njy iýulda Sýurih şäherinde türkmen-şweýsar işewürler maslahaty geçiriler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täze çözgütleri we çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etjek maslahatyň gün tertibine energetika we nebitgaz pudaklarynda täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, himiýa senagatynda, gurluşyk pudagynda özara gatnaşyk etmek, ulag düzümini, azyk senagatyny  ösdürmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we türkmen wekiliýetiniň Şweýsariýanyň öňdebaryjy birnäçe önümçilik kärhanalaryna baryp görmegi meýilleşdirildi.

Munuň özi Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary ykdysady mümkinçiligini artdyrar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hakyky guralyna öwrüler.

Şeýle forumlaryň geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky diňe bir ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmän, eýsem-de, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini, maýa goýum taslamalarynyň paýynyň artmagyna, täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribäniň işjeň peýdalanylmagyna mümkinçilik döreder.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru