Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň Okuw merkeziniň binasy gurlar

23:4423.05.2015
0
6455

Türkmenistanyň Prezidenti “Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň Okuw merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. “Türkmengaz” döwlet konserni Okuw merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşar.

Häzirki zaman enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri, şeýle hem ýörite gollanmalar bilen üpjün ediljek Okuw merkezi Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlar. Onuň umumy ýaşaýyş jaýy paýtagtyň 8-nji kiçi etrapçasynda ýerleşer. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň maý aýynda başlanar. Binalar 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň