Arhiw

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň mejlisi geçiriler

23:4123.05.2015
0
2337

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlisiň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga degişli meseleleriniň  birnäçesi girizildi.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda toplanan bilelikdäki işiň baý tejribesine we köpugurly   kuwwata eýedigini, şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň bolsa, iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belläp, milletiň Lideri Hökümetara toparynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeler berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň