Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bazaryny tutuş ýylyň dowamynda witaminli önümler bezär

12:4723.05.2015
0
7844

Türkmenistanyň bazarlarynda tutuş ýylyň dowamynda alyjylara hödürlenjek witaminli önümleriň görnüşleriniň möçberleri has-da artdyrylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  “Ýurdumyzda sowadyjy ammarlary gurmak hakynda”  Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda Aşgabatda we her welaýatda 6 sany sowadyjy ammarlary gurmak göz öňünde tutulýar. Gök-bakja,  miwe önümleriniň 15 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen bu desgalar witamin önümlerini saklamagyň möhletini has-da artdyrar.

Türkmenistanyň Döwlet azyk senagaty birleşigi 6 sany sowadyjy ammarlaryň taslamasyny taýýarlamak we gurluşygyna girişmek üçin ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň birnäçesi bilen degişli şertnamalary baglaşar.

Sowadyjy enjamly ammarlaryň gurluşygyna 2015-nji ýylyň iýunynda girişiler. Olary 2016-njy ýylyň iýunynda doly taýýar edip, işe girizmek bellenilýär.

Şu ýylyň ýaz möwsüminde 4915 gektar meýdanda gök ekinler, 5494 gektarda bakja ekinleri ekildi. Häzirki wagtda irki kelem we sogan hasyly ýygnalýar.

Obasenagat toplumynyň depginli ösdürilmegi, oba hojalyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürmegiň möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň