Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topary ýeňip bilmedi

23:4122.05.2015
0
2672

Şu gün Aşgabatda HTTU — “Energetik” duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 13-nji tapgyr başlandy.

Bu garşydaşlaryň birinji aýlawdaky Baýramalyda geçen duşuşygy garaşylmadyk netije bilen tamamlanypdy. Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topar AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesinden 3:1 hasabynda üstün çykypdy. Şonuň üçinem köp sanly janköýerleri we hünärmenleri HTTU “Energetik” bilen haklaşyp, ahmyrdan çykyp bilermi diýen sowal gyzyklandyrýardy.

Ýöne ýer eýeleri näçe jan etseler-de, myhmanlaryň derwezesine pökgi geçirip bilmediler. Netijede duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde HTTU ýaryş tertibinde altynjy ýere geçdi, “Energetik” bolsa 8 utuk bilen dokuzynjy orunda galdy.

Çempionatda hersi 24 utuk toplan “Şagadam” bilen “Altyn asyryň” öňde barýandygyny ýatladýarys. Ýöne “Altyn asyryň” bäsdeşine görä bir oýun az geçirendigini-de bellemek gerek.

Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry 23-nji maýda “Aşgabat” — “Hazyna”, “Merw” — “Altyn asyr”, “Şagadam” — “Ahal”, duşuşyklary bilen dowam etdiriler.     

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris:

HTTU – «Energetik» – 0:0

22-nji maý. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 100 tomaşaçy.

Duýduryş alanlar: Wezirgeldi Ylýasow 49, Dawis Sarkizow 72, Begenç Seýitmämmedow 77, Orazberdi Myradow 90+3 – Muhammetresul Şamuhammedow 25, Frahad Bazarow 90+3.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Gözegçi emin: Batyr Orazsähedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň