Pakistanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

09:2622.05.2015
0
2437

21-nji maýda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda türkmen-pakistan gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Bu gepleşikler goňşy halklaryň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygyny, taraplaryň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy iki ýurduň ägirt uly  kuwwatyna we bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygyny görkezdi.

Ýokary derejedäki duşuşyk Türkmenistanyň we Pakistanyň milli bähbitleriniň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde doly möçberli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen berk syýasy ugruny äşgär etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif  häzirki döwrüň möhüm meseleleri, hususan-da, bütin dünýäde we  sebitde parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleler boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň kybap gelýändigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebit meseleleri boýunça ysnyşykly gatnaşyk edip, sebitde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça  bilelikde tagalla edýär. Iki ýurduň arasyndaky  energetika hem-de ulag pudaklaryndaky netijeli hyzmatdaşlyk parahatçylygyň we ösüşiň  bähbitlerine laýyk gelýär.

Iri energetika taslamasyny – Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.  Garaşylyşy ýaly, ýakyn wagtda bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanar.

Taraplaryň däp bolan gatnaşyklara kuwwatly itergi bermek baradaky meýilleri Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu resminamalar ilkibaşdan, birek-birege hormat goýmak hem-de özara goldamak esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň öňden bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ep-esli giňeltdi.

Türkmenistana saparynyň ikinji, jemleýji gününde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutany täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň beýany bolan uly binanyň etegine gül dessesini goýup, däp bolşy ýaly, Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki doganlyk halkyň arasyndaky müdimi dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Aşgabat şäheriniň ajaýyplyklary bilen tanyşlygyň barşynda  paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän kaşaň söwda merkezine baryp gördi. Belent mertebeli myhman dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryna  üns berip, olaryň ajaýyplygyna, onuň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň