Şu gün futbol boýunça XXIII Milli çempionatymyzyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler

06:1922.05.2015
0
1701

Şu gün Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol meýdanynda HTTU bilen «Energetigiň» arasynda boljak duşuşyk bilen Milli çempionatymyzyň 13-nji tapgyryna badalga berler. Ýeňiş tapgyryň açylyş duşuşygynda güýç synanyşjak toparlaryň ikisi üçin hem zerur. Toparlaryň arasynda birinji aýlawda Maryda bolup geçen duşuşykda «Energetik» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu ýeňiş häzirlikçe «Energetigiň» Ýokary ligadaky ýeketäk ýeňşidir. Şu gün häzirki wagtda ýaryş sanawmanasynyň 7-nji basgançagynda barýan HTTU ýeňiş gazansa, ornuny gowulandyryp biler. «Energetigiň» ýeňşi bolsa toparlaryň ikisiniň hem eýeleýän ornuna täsir etmez. Şol sanda bu ýeňiş «Energetigiň» myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda ilkinji gazanylan ýeňiş bolar. Göreliň, AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi ýeňermi ýa-da Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän «Energetik»?!

Ýokary ligadaky ilkinji möwsümine orta gürpde başlan Hazyna käte garaşylmadyk ýeňişleri bilen haýran galdyrmagy-da başardy. Ýöne topar häzir käbir nätakyklyklardan halas bolup bilenok. Ýeri gelende geçen tapgyrda «Ahal» bilen oýnalmaly oýnuň netijesinde hem «Hazyna» tehniki ýeňliş berlendigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem «Aşgabat» bilen «Hazynanyň» arasynda ertir boljak duşuşyk hakda öňünden bir zat aýtmak kyn. Eger duşuşyk geçirilip, Aşgabat ýeňilse, onda bu ýeňliş toparyň ýokary ligadaky 90-njy ýeňlişi hökmünde hasaba alnar. Eger ýer eýeleri ýeňse, bu olaryň yzygiderli 5-nji ýeňşi bolar. Entek bu möwsümde beýle netije görkezen başga topar ýok. Ýeri gelende aýtsak, toparlaryň arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşykda 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Ertir gyzykly duşuşyklaryň ýene biri «Merw» bilen geçen ýylky çempion «Altyn asyryň»  arasynda bolar. «Altyn asyr» 12-nji tapgyrdaky we şu möwsümdäki ilkinji ýeňlişinden soň, 24 utuk bilen «Şagadam» bilen birlikde birinji basgançakda barýan bolsa, «Merw» soňky tapgyrlardaky şowsuzlyklardan ýaňa 6-njy basgançaga çenli düşdi. Şonuň üçin hem ýeňiş toparlaryň ikisi üçin hem zerur. Sähel säwlik çempiona birinji basgançakdaky ornuny gidermäge sebäp bolup biler. Toparlar birinji aýlawda 2:2 hasabynda deňlik bilen oýnapdylar. Şu hasap «Merwiň» ertir «Altyn asyra» mynasyp garşylyk görkezip biljekdiginiň şaýadydyr. Galyberse-de, «Merw» öz meýdanynda aňsat-aňsat ýeňilmeýän toparlaryň biri.

Deňiz kenaryndaky şäherde «Şagadam» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk tapgyryň iň möhüm oýny bolar. Öz meýdanynda topa isleýşi ýaly erk etdirip bilýän «Şagadamy» «Ahal» geçen ýyl hem myhmançylykda ýeňip bilmändi.  Şu tapgyrda milli ýaryşlardaky (Ýokary ligadaky we Türkmenistanyň kubogyndaky duşuşyklar göz öňünde tutulýar) 790-njy duşuşygyna çykjak «Şagadam» bu gezek hem birinji basgançaga çykmaga dörän mümkinçiligi elden bermezlige çalşar. AFK-nyň Kubogyndaky duşuşyklaryny tamamlap, bar ünsüni Ýokary liga beren «Ahal» üçin bu ýerde gazanyljak ýeňiş 5-nji orundaky ýerini gowulandyrmaga ýardam berer. Bu duşuşygyň ýene bir aýratynlygy bolsa geçen ýyl «Şagadam» bilen ýurdumyzyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy bolan Mämmedaly Karadanow ilkinji gezek Türkmenbaşyda öňki toparyna garşy çykyş eder. Edil şonuň ýaly-da Gahrymanberdi Çoňkaýew hem geçen möwsümdäki topardaşlaryny Türkmenbaşyda garşylar.

13-nji tapgyr  24-nji maýda geçiriljek «Balkan» bilen «Daşoguzyň» arasynda boljak duşuşyk bilen jemlener. Bu iki toparyň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşyk heniz hem ýatdan çykanok. Şonda «Balkan» 6:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, geçirilen pökgüleriň bäşisini Myrat Ýagşyýew öz adyna ýazdyrypdy we şu möwsümdäki entek hem ýeketäk penta-trigini amala aşyrypdy. Şol duşuşyk möwsümiň iň köp hasaply duşuşyklarynyň sanawynda hem öňdäki orunlarda durýar.  Janköýerler 13-nji tapgyrda hem «Balkanyň» uly hasap bilen ýeňmegine garaşýarlar. Eger şeýdip bilse, «Balkan» 3-nji basgançakdaky ornuny has gowulandyryp biler. Ýöne, elbetde, bu «Şagadam» bilen «Altyn asyryň» görkezjek netijelerine-de bagly. Eger bir garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykyp, «Daşoguz » ýeňse, «Balkan» 3-nji basgançagy hem elden giderip bilmez, ýöne bu ýeňiş «Daşoguzyň» sanawyndaky ornuny üýtgetmez.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň