Russiýaly belli tälimçi Wladimir Ýelçanin türkmen dzýudoçylaryny olimpiýa oýunlaryna taýýarlaýar

06:1522.05.2015
0
1130

Şu günler Aşgabatda türgenler üçin dzýudo boýunça okuw geçirilýär. Halkara dzýudo federasiýasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan guralan okuwy Dzýudo halkara federasiýasynyň bilermeni, Russiýanyň at gazanan tälimçisi, gara guşagyň (VI dan) eýesi Wladimir Ýelçaninow alyp barýar. Okuwa gatnaşyjylar nazary bilimleri paýtagtymyzyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş  mekdebinde, tejribäni bolsa Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň göreş düşeginde özleşdirýärler.

Okuw türgenleşiginiň esasy maksady türkmen dzýudoçylaryny 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakdyr. Dzýudoçylarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Olimpiýa oýunlaryna yzygiderli gatnaşyp gelýändigini aýratyn bellemek gerek.

W.Ýelçaninowyň  tälimçiler bilen halkara okuwlary geçmekde uly tejribesiniň bar. Ol eýýäm 200-den gowrak okuwlary geçiripdir. Olaryň esasynda Wladimir Nikolaýewiç türgenleşik geçmegiň örän netijeli usulyny döretdi. Tälimçi bolup işlän ýyllarynda ol ajaýyp türgenleriň ençeme neslini terbiýeledi.

10 günlük okuwlaryň barşynda Dzýudo halkara federasiýasynyň bilermeni tutluşyklaryň we hereket etmegiň häzirki zaman usullary, şeýle hem tutluşyklary alyp barmagyň emelleri boýunça okuwlary geçirer. Türgenler üçin tehniki okuwlar 28-nji maýa çenli dowam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň