Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

0
573
0
0

20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçirildi.

 “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Mawy zalynda” Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistanyň Premýer-ministriniň arasynda ikiçäk gepleşikler boldy.

Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Pakistanyň Premýer-ministrine resmi sapar bilen Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Pakistan sebitde goňşy bolmak bilen, gözbaşy gadymyýete uzap gidýän dostlukly aragatnaşyklaryny saklaýar. Türkmen we pakistan halklarynyň özara gatnaşyklary köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyga we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtap, türkmen-pakistan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän ýörelgeler esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany syýasy-diplomatik ulgamda, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti syýasy ulgamdaky döwletara gatnaşyklary barada aýdyp, iki ýurduň döwrüň esasy wajyp meseleleri, hususan-da, Ýer ýüzünde we sebitde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtady. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem guralýar we özara düşünişmegiň hem-de ýygjam özara hereket etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigini nygtap, döwlet Baştutany Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini ýokary derejedäki bu maslahatyň işine hem-de şu mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösýändigini nygtap, haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary has işjeň alyp barmaga ähli şertleriň ýeterlikdigini belledi hem-de dürli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we berkitmek üçin hem oňat mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düzümini emele getirýän gumanitar ugra hem ähmiýet berilýändigini nygtap, milletiň Lideri medeniýet, bilim we ylym, syýahatçylyk we sport babatdaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar meselelerine netijeli çemeleşmesi, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň hökümetine halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we türkmen hem-de pakistan halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, myhnama berk jan saglyk we bagt, doganlyk pakistan halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Pakistanyň Premýer-ministri myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,onuň soňky gezek bu ýerde bolan wagtyndan bäri biziň ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň bolup geçendigini belledi. Muhammad Nawaz Şarif türkmen paýtagtyndaky uly özgertmelerden örän täsir galandygyny nygtady hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň örän uly möçberlidigine öz gözleri bilen görüp göz ýetirendigini belledi.

Belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, milletiň Liderini Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlady hem-de munuň türkmen döwleti üçin uly üstünlik we beýik ýeňişleriň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şu babatda iki ýurduň gatnaşyklarynda biziň ýurdumyzyň bu halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti we uly orny bellenildi.

Pakistanyň Premýer-ministri Garaşsyzlyga eýe bolan gününden bäri türkmen döwletiniň ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetendigini belledi. Bu meniň Türkmenistana eýýäm dördünji saparym diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi hem-de biziň ýurdumyza her gezek gelenimde bolup geçýän uly özgertmeleri görýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Muhammad Nawaz Şarif türkmen döwletini gülledip ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähmiýetli ornuny belledi.

Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany häzirki saparynyň esasy maksatlary barada aýdyp, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge hem-de beýleki anyk ugurlarda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanýandygyny tassyklady. Pakistan Yslam Respublikasynyň söwda ulgamynda we işewür düzümler ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýändigine ymtylmalary barada aýdyp, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif munuň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösüşinde wajyp orun tutjakdygyny nygtady.

Pakistanyň Premýer-ministri sözüniň ahyrynda ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barha ösdürilýän özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Özara düşünişmek, işjeň we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlary babatda we geljegi nazarda tutup, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara meýillerini tassyklap, söhbetdeşler özara hereket etmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, ulag we birnäçe beýleki pudaklary görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Hökümetiniň baştutany däp bolan gumanitar aragatnaşyklarynyň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak barada pikirlerini aýtdylar.

Özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Soňra gepleşikler “Ak pagta” zalynda giňişleýin düzümde—iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarifi myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanda bu sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we ösdürmekde möhüm tapgyr hasap edýäris diýip belledi.

Şu günki gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge we hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirmek bilen, milletiň Lideri döwletara gatnaşyklary hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermek tejribesine esaslanýar diýip belledi. Iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak, halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine ýardam berýär. Biziň halklarymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan ýakyn gatnaşyklary we taryhy-medeni umumylyklary häzirki döwürde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu nukdaý nazardan, milletiň Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza şu resmi saparynyň aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýandygyny bellemek bilen, bu ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-pakistan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemez binýadyny has-da berkitjekdigine we geljege tarap uly mümkinçiligi açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistan we Pakistan dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, özara ynamy artdyrmaga hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge uly ähmiýet berýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şundan ugur alyp, biziň ýurtlarymyz halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ylalaşykly amala aşyrýarlar.

Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasynyň halkara we sebit syýasatyndaky täsirli ornuna we ähmiýetine ýokary baha berýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanmak bilen, Pakistanyň ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda, hormatly Premýer - ministr Muhammad Nawaz Şarife Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna hormat goýýandygy we halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanda 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli halkara derejesindäki çäreler geçirilýär diýip bellemek bilen, milletiň Lideri Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarifi we Pakistanyň ýolbaşçylaryny bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli edaralaryna we düzümlerine saýlanmagynda Pakistan uly goldaw we hemaýat berip gelýär diýip belledi. Hususan-da, Pakistan tarapy ýurdumyzyň 2013–2015-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça Geňeşi bolan EKOSOS-yň agzalygyna saýlanmagynda ýakyndan goldaw berdi, şeýle hem 2013–2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlananda biziň döwletimizi goldady.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri energiýa howpsuzlygy we halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýäde durnukly ösüş üçin ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin, Pakistana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan hem öz gezeginde Pakistanyň halkara guramalaryndaky, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasyndaky abraýly we täsirli ornunyň berkemegi bilen bagly tagallalaryny ähli babatda goldaýar. Biz geljekde hem halkara ulgamynda özara hyzmatdaşlygymyzyň netijeli ugurlaryny ösdüreris. Bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmak bilen, özara gatnaşyklarymyzy dowam ederis diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, Türkmenistan we Pakistan sebit meseleleri, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça özara hyzmatdaşlyk edip, sebitde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda bilelikdäki tagallalary edýärler diýip nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda parahatçylygy dikeltmäge ýardam bermek boýunça taraplaryň tagallalarynyň netijeli bolmagy üçin gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, doganlyk Owganystandaky ýagdaýlary syýasy - diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmaga ähli esaslaryň we ygtybarly binýadyň bardygyna berk ynam bildirdi.

Özara bähbitli söwda - ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutany Türkmenistan üçin energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şu nukdaý nazardan, Türkmenistan Pakistana türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak boýunça iri halkara taslamalaryny amala aşyrmakda strategik we möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar.

Şunuň bilen baglylykda, biziň uzak möhletli hyzmatdaşlygymyz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna esaslanýar diýip, milletiň Lideri bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Bilelikdäki tagallalar netijesinde, häzirki güne çenli uly işler amala aşyryldy. Bu energiýa taslamasynyň jemleýji tapgyryna girişilmegi bilen, sebitdäki ykdysady gatnaşyklar täze derejä çykar.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, halkara söwda geçelgelerini döretmekde Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şunda milletiň Lideri häzirki zaman tehnologiýalary esasynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Aziýa–Ýewropa ugry boýunça täze ulag-gatnaw mümkinçiliklerini döretjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, energetika we ulag pudagy boýunça iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk tutuş sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine hyzmat eder. Şu nukdaý nazardan, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Türkmenistan üçin Pakistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ähmiýetli we ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar diýip, milletiň Lideri belledi. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygynda, dokma we ýeňil senagatda, gaýtadan işleýän senagatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak iki ýurt üçin hem bähbitli bolup durýar.

Ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bilelikdäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda alyp barmak boýunça oňyn tagallalaryň anyk netijeleri berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ähmiýetli gural bolup durýanlygyny aýratyn belledi. Häzirki wagta çenli bu Toparyň geçirilen mejlisleriniň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uzak möhlete gönükdirilen strategik ugurlar bilen bagly köpsanly derwaýys meselelere seredildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umuman, türkmen-pakistan söwda - ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ikitaraplaýyn eksporty we importy düzüm we hil taýdan mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny görkezýär. Bu ugurda biz açyklyk we täzeçillik esasynda uzak möhletleýin maksatnamalary göz öňünde tutýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara esaslanýan täze ugurlaryny açmagyň we durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak we öňe gitmäge ähli şertleri döretmek zerurdyr.

Bu ugurdaky uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň we Pakistanyň degişli döwlet düzümleri we işewür toparlary, jemgyýetçilik birleşmeleri mynasyp goşant goşup bilerler. Biz olardan bilelikdäki maýa goýum maslahatlaryny geçirmekde we halkara sergilerini guramakda anyk tekliplere garaşýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu işleri dowam etmek bilen, işewürleriň arasynda göni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we höweslendirmek zerur diýip, milletiň Lideri belledi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, işewürler maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berýär, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözlemek, Türkmenistanyň we Pakistanyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar meselesine geçmek bilen, Türkmenistanyň we Pakistanyň medeni gatnaşyklarynyň baý taryhy we uzakdan gelýän däpleri bar diýip belledi. Bu däplere esaslanmak bilen, taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy hem günsaýyn ösdürýärler. Bilelikdäki ylmy maslahatlary geçirmekde, medeni çäreleri, sergileri guramakda biz oňyn tejribe topladyk. Geçirilýän bu çäreler biziň medeniýetlerimiziň baýlaşmagyna we halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri şeýle giň mazmunly esaslara daýanmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemek boýunça işleri hem dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunda aýratyn hem, ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak derwaýys bolup durýar.

Döwletiň we halkyň kämillik ýoly bilen ösmegi, aýratyn-da, şu günki we geljekki nesillerimizi ýetişdirmek, olara döwrebap bilim we terbiýe bermek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm çäre hökmünde Türkmen-pakistan medeni geňeşini döretmek baradaky teklibini beýan etdi, olary amala aşyrmak üçin bolsa, ähli şertleriň bardygyna ünsi çekdi.

Türkmen - pakistan dost - doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hemmetaraplaýyn ösjekdigine berk ynam bildirmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer - ministr Muhammad Nawaz Şarife alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow häzirki döwürde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanan degişli taslamalar görkezildi. Şeýle hem wise-premýer sebitiň ýurtlary üçin möhüm ählmiýeti bolan bu halkara gaz geçirijisiniň geçjek ugurlary, onuň taslamasy boýunça birnäçe maglumatlar barada habar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow häzirki döwürde Türkmenstanyň Owganystana ugradýan energiýa serişdeleri, olaryň möçberleri barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklarynyň yzygiderli artýandygyny nazara alyp, goňşy ýurda iberlýän energiýanyň möçberlerini artdyrmak mümkinçiliginiň bardygyny habar berdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň Baştutanyna söz berilýär.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin köp sag bolsun aýdyp, şu günki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli dürli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Pakistanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çagyrandygy üçin Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany milletiň Liderine köp sag bolsun aýtdy. Bu ýaryşlaryň geçiriljek Olimpiýa şäherjiginiň binalarynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam basmagy bilen döwlet Baştutanyny gutlap, belent mertebeli myhman sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň nygtaýşy ýaly, Pakistan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýär. Iki ýurduň medeni hem-de geografiki taýdan ýakynlygy barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň bu işleri amala aşyrmakda uly orun eýeleýändigi bellenildi.

Pakistanyň energetika ulgamynda özara gatnaşyklara, şol sanda elektrik energiýasynyň we gazyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtamak bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif munuň öz ýurdunyň energiýa serişdelerine isleg bildirmegi bilen şertlendirilendigini aýtdy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Pakistanyň hökümetiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, TOPH taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ähli ugurlarda – diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif biziň ýurdumyzyň başyny başlan, tutuş sebite rowaçlyk getirjek Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgelerini gurmagyň ähmiýetini belledi. Bu işler Türkmenistan bilen göni ulag geçelgesi bolmadyk Pakistan üçin hem amatly şertleri üpjün eder diýip, Pakistan hökümetiniň ýolbaşçysy aýtdy.

Şu günki gepleşikler söwda hyzmatdaşlygyny we haryt dolanyşygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly hukuk şertlerini döretmäge hyzmat eder diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Täze ulag geçelgesiniň döredilmegi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam eder.

Iki döwletiň öz gatnaşyklaryny birek-birege goldaw bermegiň esasynda gurýandygyny bellemek bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Pakistanyň Türkmenistany ähli başlangyçlarynda goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman, Pakistanyň gepleşikler we diplomatik usullar arkaly, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy. Öz ýurdunyň halkara giňişliginde Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif munuň diňe döwletara gatnaşyklaryny däl-de, eýsem, netijeli sebitara gatnaşyklaryny hem ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi. Pakistan şeýle hem Türkmenistanyň terrorçylyga we ekstremize garşy göreşmek ýaly häzirki zamanyň möhüm meseleleri bilen bagly bolan başlangyçlaryny doly goldaýar diýip, Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy aýtdy.

Pakistan tutuş dünýäde ygtybarly we öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärçilikli çemeşeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça ýygjam gatnaşyklaryň onuň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif iki halkyň arasynda ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeni-gumanitar gatnaşyklary berkitmegiň hem möhümdigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, düýpli we netijeli gepleşikleri geçirmek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Mermer” zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenstanyň Söwda-senagat edarasy bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Söwdany ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Bilelikdäki Maglumata gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, türkmen Lideri we belent mertebeli myhman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer - ministri Mohammad Nawaz Şarife we Pakistanyň resmi wekiliýetiniň ähli agzalaryna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek ýagdaýynda netijeli gepleşikleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aňladýandygyny we uzak geljege gönükdirilen bilelikdäki maksatlara tarap giň ýol açýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, bu gepleşikleriň Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ulgamlar boýunça giňden pikir alyşyldy hem-de geljegi uly bolan anyk ugurlar kesgitlendi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-pakistan gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň bu ugurda bar bolan kuwwatlyklary doly peýdalanmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şu babatda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýenti bellenildi.

Türkmenistan üçin Pakistan Yslam Respublikasy ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş bolup durýar. Muny Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri, Päkistanyň berýän doganlyk goldawynda we ýakyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösüşinde görýäris. Biziň döwletlerimiz halkara gatnaşyklary ulgamynda hem bilelikdäki hyzmatdaşlygy birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda alyp barýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna Pakistanyň uly goldaw berýändigini we olary durmuşa geçirmekde anyk ýardam edýändigini belledi. Türkmenistan hem öz gezeginde Pakistanyň halkara abraýyna we dünýädäki täsirli ornuna uly hormat goýýar. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde we sebitde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde biziň garaýyşlarymyz gabat gelýär. Bu bolsa, netijeli özara hyzmatdaşlygymyz üçin esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistan we Pakistan iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi mydama goldaýarlar diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de bu abraýly Guramanyň ýokary derejeli düzümlerine saýlanmak bilen, iki döwletiň halkara tagallalaryna goşýan goşandynyň has-da artýandygyny belledi.

Iki döwletiň daşary syýasy ulgamda alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy milli bähbitlerimize, Milletler Bileleşiginiň we beýleki abraýly guramalaryň öňde goýýan maksatlaryna laýyk gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli edaralaryna we düzümlerine Türkmenistanyň saýlanmagyna Päkistan goldaw berip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Päkistan tarapy ýurdumyzyň 2013–2015-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyna ýakyndan ýardam berdi, şeýle hem biziň döwletimiziň 2013–2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny hem goldady diýip belledi. Türkmenistan hem öz gezeginde Päkistanyň halkara guramalaryndaky, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasyndaky abraýly we täsirli ornunyň berkemegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmenistanda 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli halkara derejesindäki çäreler geçirilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Pakistanyň ýolbaşçylaryny, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarifi bu baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ýakyndan dowam edýän sebit hyzmatdaşlygyny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak hakynda ylalaşyldy. Owganystanda parahat durmuşy ýola goýmak we goňşy owgan halkyna durmuş-ykdysady taýdan kömek bermek boýunça tagallalar hem biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, iri halkara taslamalaryny bilelikde amala aşyrmak möhüm bolup durýar. Men ilkinji nobatda «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny göz öňünde tutýaryn diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem –de gazanylan oňyn netijeleri belläp geçmek bilen, bu möhüm halkara taslamasyny ýakyn wagtda doly durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmenistan Pakistana ygtybarly söwda - ykdysady hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şu ugurda ýurtlaryň ikisinde hem uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu babatda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen, geljekde ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi has-da artdyrylar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu günki geçirilen gepleşiklerde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy oňyn tejribä we täze usullara daýanyp dowam etmek barada ylalaşdyk diýip, milletiň Lideri nygtady.

Özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, aýratyn hem, ulag-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamyny, energetika, oba hojalygy pudaklaryny, ýeňil we gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekde hyzmatdaşlyga anyk häsiýet bermegiň zerurdygy barada pikir alyşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutany Halkara söwda geçelgelerini döretmekde Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi hem-de häzirki zaman tehnologiýalary esasynda döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen, Aziýa – Ýewropa ugry boýunça täze ulag - gatnaw mümkinçilikleriniň dörejekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem, biz özara maýa goýum, kompaniýalaryň we işewürleriň hyzmatdaşlygyny netijeli ýola goýmak boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdik diýmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary we işewürlik üçin oňaýly kanunçylyk-hukuk şertleri göz öňünde tutulandygyny nygtady. Şol bir wagtda, biz daşary ýurt bazarlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlaryň barha köpelmegini isleýäris. Bu ugurda pakistanly dostlarymyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürjekdigimize ynanýarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda ykdysady gurallary has netijeli ulanmaga, aýratyn hem, hökümetara derejesinde bilelikde amala aşyrylýan çärelere uly üns berildi. Şu babatda bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işini güýçlendirmek we täze usullary durmuşa geçirmek barada ylalaşylandygy nygtaldy. Bu düzüme şu ugurda işleri amala aşyrmakda uly orun berilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklary ösdürmek we bu hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini durmuşa geçirmek barada hem biz giňden pikir alyşdyk diýip, Türkmenistanyň Prezidenti kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, şu nukdaý nazardan, bilelikdäki dürli ylmy we döredijilik çärelerini, tejribe alyşmagy ýola goýmak barada ylalaşyldy. Medeni gatnaşyklarymyzda öňden gelýän däplerimize daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini gözläris diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de bu, aýratyn hem, baý taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamakda we geljek nesillerimize ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, milletiň Lideri nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda umuman, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklarymyz öňde goýlan maksatlara ýetilendigini görkezýär diýip nygtady. Netijeli gepleşikler üçin, Premýer - ministr Muhammad Nawaz Şarife tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany doganlyk Pakistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarife söz berilýär.

Belent mertebeli myhman žurnalistlere ýüzlenip, öz adyndan hem-de Pakistanyň resmi wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik we netijeli gepleşikleri geçirmäge döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Pakistanyň Premýer-ministriniň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyza sapar bilen gelmek hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak onuň üçin uly hormatdyr. Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly gyzyklanma bildirilýän meseleler babatda pikir alyşmalar boldy diýip, Muhammad Nawaz Şarif aýtdy.

Pakistanyň halkynyň Türkmenistanyň halkyna mähirli sözlerini aýdyp, belent mertebeli myhman ençeme ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga we ynama esaslanan gatnaşyklaryň saklanylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif iki ýurduň halkara we sebit häsiýetli wajyp meseleler boýunça garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny nygtap, ähli ugurlar boýunça, şol sanda sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmäge degişli özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şu babatda daşary syýasat we beýlekiler boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmak barada gepleşikleriň netijeliligi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişlilikde dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany iki döwletiň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garalandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif şu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Pakistan tarapynyň halkara energetika taslamalarynyň işjeňleşdirilmegine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, belent mertebeli myhman taslamanyň oňa gatnaşyjy ähli ýurtlar üçin uly ähmiýetini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Pakistanyň türkmen döwletiniň bütin adamzat üçin ähmiýetli bolan hemme halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Çykyşyny dowam edip, dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany taraplaryň biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Häzirki gepleşikleriň gün tertibine çykarylan möhüm meseleleriň hatarynda Pakistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de üstünlikli özara gatnaşyklary görkezdi.

Şeýle hem belent mertebeli myhman duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Olar Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda esasan-da medeni-gumanitar ulgamyndaky netijeli gatnaşyklara ýardam etmäge gönükdirilendir.

Çykyşynyň ahyrynda Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan işlerinde uly üstünliekleri, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, milletiň Lideri we belent mertebeli myhman “Mermer zalyndan” çykdylar.

Soňra Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Gypjaga bardy, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, Kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Agşam Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda türkmen döwletiniň Baştutany we Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy söz sözlediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru