Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyşy boldy

07:2020.05.2015
1
4378

19-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu desgany Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça Fransiýanyň meşhur “Buig Batiman Internasional” kompaniýasy gurdy. Desganyň umumy meýdany 56,6 müň inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň daşy häzirki zaman bezeg talaplaryna laýyklykda, ak mermer, aýna hem-de beýleki serişdeler bilen örtüldi. Onuň esasy girelgesi däp bolan altynsow nagyşlar bilen bezeldi.

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy daşary ykdysady gatnaşyklarynyň esasy merkezleriniň birine öwrüler.  Bu döwrebap binada dürli çäreleri geçirmek üçin ýokary derejedäki şertler, mümkinçilikler üpjün edilen, häzirki zaman tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan. Umuman, köpugurly zal 8,2 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär, onuň beýikligi bolsa 13 metre barabardyr. Bu zalyň çäginde birwagtyň özünde sergini ýa-da ýokary derejedäki maslahaty guramak bolýar. Onuň meýdançalary lybaslaryň nusgalarynyň görkezilişini we konsert çykyşlaryny, beýleki medeni çäreleri guramaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde 4 müň adamyň gatnaşmagynda iri forumlary, maslahatlary geçirmek üçin şertler döredilipdir.

Söwda-senagat edarasynyň täze binasynda daşarky sergi meýdançasy, daşyndaky sergi zolagynyň meýdany 10 müň inedördül metre barabardyr. Bu ýerde dürli göwrümli tehnikalardan, häzirki zaman enjamlaryndan ybarat iri göwrümli sergileri guramak üçin ähli zerur şertler, mümkinçilikler üpjün edilipdir.

Şeýle hem bu binada banket zaly, maslahatlar zaly häzirki zaman bezeginiň aýratynlyklaryny özünde jemläp, däp bolan türkmen nagyşlary bilen bezelipdir. Binada 600 orunlyk uly maslahatlar zalyndan başga-da, 50 orunlyk maslahatlar zaly, şeýle hem işewür duşuşyklary, tanyşdyryş we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar bar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işinde öňde goýlan wezipeleri çözmegiň hem-de işewürligi ösdürmegiň zerur şerti hökmünde maglumatlar ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, täze binada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen metbugat merkezi göz öňünde tutulypdyr. Şol ýerde birwagtyň özünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynda guralýan sergileri, duşuşyklary we beýleki çäreleri beýan edýän adamlaryň 200-si — žurnalistler, fotohabarçylar we teleoperatorlar işläp biler.

Söwda-senagat edarasynyň täze binasynda öňdebaryjy önümçilik ulgamyna eýe bolan çaphana hem bar. Onda ýokary hilli neşirýat önümlerini çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir.

Edaranyň işgärleri üçin iş otaglarynyň 22-si enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem naharhana, kafeteriý, açyk we ýapyk awtoulag duralgalary işgärleriň hyzmatyndadyr.

Döwlet Baştutany paýtagtymyzdaky hereket edýän Sergi köşgüniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýaryna geçirilmelidigini, indiki ýyldan ähli derejedäki sergileriň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmelidigini belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň