Soňky habarlar

Arhiw

“Balkan” öňdäki orna çykmak mümkinçiligini elden giderdi

06:5420.05.2015
0
4352

Sişenbe güni Aşgabatda, Baýramalyda we Daşoguzda geçirilen oýunlar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 12-nji tapgyr başlandy.

Paýtagtdaky duşuşyk uly gyzyklanma döretdi, ikinji aýlawda diýseň şowly çykyş edýän “Aşgabat” dört tapgyr bäri ýeňilmän gelýän “Balkany” kabul etdi. Soňky üç duşuşykda mümkin bolan aňryçäk utuklary toplamagy başaran balkanlylar bu oýunda ýeňiş gazansalar, iň bolmanda wagtlaýynça ýaryş tertibinde öňdäki orna çykyp biljekdi. Bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygy Balkanabatda  geçip, 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanypdy.

Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri ýeňişli ýoly dowam etdirip bilmediler. “Aşgabadyň” futbolçylary her ýarymda bir pökgi geçirip, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Edil HTTU bilen bolan duşuşykdaky ýaly, Ruslan Gurbanow (43-nji minut) bilen Pirmyrat Gazakow (58-nji minut) tapawutlandylar. “Balkana” bir jogap pökgüsini geçirmäge mümkinçilik boldy. Ýöne Mekan Saparowyň urgusy derwezäniň sütünine degdi.

Şeýlelikde, bassyr dördünji ýeňşini gazanan “Aşgabat” 22 utuk toplap, ikinji orunda barýan “Balkanyň” yzyndan ýetdi. Ýöne medallar ugrunda göreşýän “Altyn asyryň” we “Ahalyň” şu günki duşuşyklaryndan soň, ýaryş tertibinde ýagdaý birneme üýtgäp biler.

Uly gyzyklanma döreden duşuşyklaryň ýene biri-de — Baýramalyda “Energetik” bilen “Merwiň” arasyndaky Mary derbisinde ýene-de deňlik hasaba alyndy. Bu toparlar birinji aýlawda 1:1 oýnan bolsalar, bu gezek 0:0-a razylaşdylar.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde “Daşoguz” HTTU-ny kabul etdi. Ýerli futbolçylar birinji aýlawda myhmançylykda Halkara türkmen türk uniwersitetiniň toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen bolsalar, öz meýdanynda has uly hasap bilen asgyn geldiler — 0:3. Ýeňiji topardan pökgüleri 49-njy minutda Nazar Baýramow, 72-nji minutda Pirmyrat Soltanow, 87-nji minutda bolsa Nurýagdy Muhammedow geçirdiler.

77-nji minutda ýer eýelerine bir jogap pökgüsini geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne 19 ýaşly Didar Haýitow 11 metrlik urgudan tapawutlanyp bilmedi. Daşoguzlylar oýny on bolup tamamladylar, duşuşygyň goşmaça wagtynda ikinji sary petek alan Ibragim Ibragimow meýdandan çykaryldy.

12-nji tapgyr 20-nji maýda “Hazyna” — “Ahal” we “Altyn asyr” — “Şagadam” duşuşyklary bilen jemlener.     

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris:

«Energetik» – «Merw» – 0:0

19-njy maý. Baýramaly. «Sport desgasy». 1 000 tomaşaçy.

Duýduryş alanlar: Azamat Açylow 32, Döwletmyrat Seýitmuhammedow 51, Resul Şamuhammedow 75 – Ilýa Tamurkin 59, Jemşit Orazmuhamedow 70, Azat Orazmuhammedow 90+1. 

Emin: Igor Barabaş.

Gözegçi emin: Hojadurdy Nasyrow.

 

«Daşoguz» – HTTU – 0:3 (0:0)

19-njy maý. Daşoguz. «Sport toplumy». 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Nazar Baýramow 49, Pirmyrat Soltanow 72, Nurýagdy Muhammedow 87. Geçirilmedik 11 metrlik urgy: Didar Haýitow («daşoguz») 77 (derwezewan).

Duýduryş alanlar: Ibragim Ibragimow 67 – Gurbangeldi Batyrow 42, Nurýagdy Muhammedow 42, Gurban Garaýew 46, Hemaýat Kömekow 90+2.

Oýundan çykarylan: Ibragim Ibragimow («daşoguz») 90+2 (2 sary petek).

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Gözegçi emin: Konstantin Korotkow.

 

«Aşgabat» – «Balkan» – 2:0 (1:0)

19-njy maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Ruslan Gurbanow 43, Pirmyrat Gazakow 58.

Duýduryş alanlar: Berdi Şamyradow 54, Ruslan Serazudinow 63, Boris iwanow 68 (hemmesi – «Aşgabat»).

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Gözegçi emin: Çaryýar Ataýew.

20-nji maýa çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler: 

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 14 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 10.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 9 (4).

“Balkanyň” öňdäki orna çykmak mümkinçiligini elden gideren duşuşygy: “Aşgabat” “Balkan” duşuşygyndan suratlary biziň fotoreportažymyzdan synlamagy unutmaň! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň