Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew “Rostowda” galarmy?

14:4719.05.2015
0
6273

Geçen hepdede Miodrag Božowiç  Moskwanyň “Lokomotiwiniň” baş tälimçisiniň wezipesini boşadansoň, Russiýanyň habar beriş serişdeleri bu orna esasy dalaşgärler hökmünde belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew bilen Krasnodaryň “Kubanynyň” baş tälimçisi Wiktor Gonçarenkonyň atlaryny agzaýarlar. Berdiýewiň “Rostow” bilen şertnamasy möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.

“Lokomotiw” Berdiýew bilen gyzyklanýarmy? Biz onuň bilen soňky gezek gürleşenimizde, ol çempionatyň ahyrynda ähli ünsüniň “Rostowdadygyny” mälim etdi. Soňra bolsa, elbetde, meniň pikirimçe, ony has uly oňat taslamanyň gyzyklandyryp bilmegi mümkin, ýöne mundan artyk hiç zat aýdyp biljek däl. Häzirlikçe hiç zat belli däl, ilki öňde duran birinji wezipäni ýerine ýetirmeli” diýip, hünärmeniň agenti Leonid Istrati aýtdy.

Geçen 28-nji tapgyrda Russiýanyň premýer ligasynda “Rostow” Saranskide “Mardowiýadan” üstün çykyp bilmedi — 0:0.

“Biz kanagatlanarly netijä mynasypdyk, “Mordowiýa” bar güýjüni goraga berip, ýarym meýdandan geçmedi diýen ýaly. Bizde tapawutlanmaga birnäçe amatly pursat boldy, ýöne biz olardan peýdalanyp bilmedik. Netijeden nägile” diýip, Gurban Berdiýew teswirleme berdi.

Russiýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda “Rostow” 28 utuk bilen 12-nji orny eýeleýär, munuň özi geçiş oýunlarynyň zolagyndan 1 utuk aratapawudyň bardygyny aňladýar.

“Futbol toparlarynyň köpüsi “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen gyzyklanýarlar. Russiýada şeýle derejedäki hünärmenler az. Rostowyň topary bolsa onuň bilen şertnamany uzaltmak isleýär. Biz özara gürleşip, bu meseläni çözmeli. Biziň öňümizde durýan ilkinji wezipe topary Premýer ligada alyp galmaly. Beýleki meseleleri bolsa şondan soň çözmeli” diýip, “Rostow” futbol klubynyň wise-prezidenti Aleksandr Şikunow aýtdy.

Indiki duşuşygyny “Rostow” 24-nji maýda geçirer. 29-njy tapgyryň çäklerinde sary-gök reňkliler “Krasnodar” bilen duşuşyga ugrarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň