Türkmenistanly kompozitor we pianinoçy “Arkalaşygyň zehinleri” atly saz festiwalynda çykyş eder

0
689
10
0

25-nji maýda Moskwanyň Saz öýünde Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýaşlarynyň fuat Mansurowyň adyny göterýän “Arkalaşygyň zehinleri” atly üçünji saz festiwalynyň çäklerinde türkmenistanly kompozitor we pianinoçy Mämmet Guseýnowyň “Erk we söýgi” diýen simfoniki konserti bolar.

“Arkalaşygyň zehinleri” saz festiwaly oňa gatnaşyjylaryň — ýaş sazandalaryň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, hemmetaraplaýyn ösmegine, GDA ýurtlarynyň wekilleriniň Russiýanyň medeni durmuşyna içgin aralaşmagyna ýardam edýär. Festiwalyň çeper ýolbaşçysy Russiýanyň L. W. Nikolaýew adyndaky Ýetginjekler simfoniki orkestriniň baş dirižýory Wasiliý Walitowdyr.

Festiwaly geçirmek pikirine Fuat Mansurowyň döredijilik gatnaşyklarynyň geografik örüsiniň giňligi esas boldy. Şonuň üçin konsert programmasyna Russiýanyň sebitlerinde we GDA ýurtlaryndan ýaş zehinler gatnaşýarlar. Şeýlelikde, olar Uly simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde Moskwanyň iň gowy konsert meýdançasynda çykyş etmäge mümkinçilik alýarlar. Üçünji saz festiwalynyň Gala-konsertiniň programmasynda hormatly myhmanlaryň we festiwalynyň baýrak eýeleriniň, Russiýanyň orta we ýokary saz okuw mekdepleriniň, halkara bäsleşikleriniň baýrak eýeleriniň ýerine ýetirmegindäki rus we günbatar ýewropa nusgawy sazlarynyň naýbaşy eserleri bar.

GDA ýurtlaryndan bolan zehinleriň arkalaşygyna bu ýyl Belarusyň (Waleriý Alesýuk, goboý), Moldowanyň (Ýuriý Atwinowskiý, alt), Gazagystanyň (Klim Pak, fortepiano) sazandalary wekilçilik edýärler. Russiýanyň sebitleri hem köpöwüşginli röwüşde görkeziler.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru