ABŞ-nyň Energetika ministrligi: gatlakly dag jynsly nebitiň çykarylyş möçberleri peselýär

18:1618.05.2015
0
3094

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň ýanyndaky energetika habarlary müdirligi 2015-nji ýylyň iýunynda gatlakly dag jynsly nebitiň çykarylyş möçberleriniň peselmegine garaşýar. Bu müdirligiň maý aýyndaky hasabatynda getirilýän maglumatlara görä, ABŞ-nyň iri ýataklarynyň 7-sinde (Bakkende, Igl Fordda, Niobrarada, Marsellusda, Permianda, Heýnswillde, Utikada) gatlakly dag jynsly nebitiň çykarylyşy şu ýylyň iýun aýynda bir günde 86 müň barrele çenli peseler.

Şeýle hem ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň ýanyndaky energetika habarlary müdirliginiň aprel aýyndaky hasabatynda aýdylyşy ýaly, ýurtda gatlakly dag jynsly nebitiň maýda çykarylan möçberleri apreldäkä garanyňda pes bolar. Bu edaranyň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, maýda bu görkeziji günde 54 müň barrele çenli peseler.

2014-nji ýylyň degişli döwründe (maý we iýun) gatlakly dag jynsly nebitiň çykarylyşy ABŞ-da ösdi. Ýöne nebite bolan bahalaryň birden aşaklamagy kompaniýalaryň köpüsiniň hereket edýän buraw enjamlarynyň sanyny kemeltmegine getirdi. Munuň özi bolsa häzirki çaklanylýan netijeleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň