Awaza Türkmenistanyň VI Halkara gaz kongresine gatnaşyjylary garşylaýar

0
954
102
0

Ertir, 19-njy maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda VI Halkara gaz kongresi we pudagara sergi (TGK-2015) öz işine başlar.

Şu gün uçarlar yzly-yzyna Türkmenistanyň gaz kongresine we pudagara sergisine gatnaşyjylary Türkmenbaşy şäherine alyp geldiler.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Summit Trade Ewents Ltd. Kompaniýasy (Beýik Britaniýa) hyzmatdaşlykda guraýan bu forumy eýýäm bassyr altynjy ýyl hünärmenler duşuşyp, gaz pudagynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär. Şol meseleler gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň daşary ýurtlara ibermegiň diwersifikasiýasyny, döwletara hyzmatdaşlygyny, maýa goýumlary, sebit we milli derejedäki gaz-ulag infrastrukturasyny ösdürmegi öz içine alýar.

Şu gün agşam “Berkarar” myhmanhanasynda forumyň guramaçylary Halkara gaz kongresine gatnaşmak üçin Awstraliýadan, Azerbaýjandan, Belgiýadan, Gruziýadan, Italiýadan, Hindistandan, Eýrandan, gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Niderlandlardan, Pakistandan, Polşadan, Russiýadan, Singapurdan, Sloweniýadan, Slowakiýadan ABŞ-dan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Fransiýadan, BAE-den, Ukrainadan, Urugwaýdan, Özbegistandan, Günorta Koreýadan we Ýaponiýadan gelen myhmanlara we türkmen hünärmenlerine medeni çäreleri taýýarladylar. Olarda Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna we türkmen milli tagamlarynyň görkezilişine giň gerim berler.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru