Aşgabatda “Türkmen halysy-türkmeniň kalby” atly halkara sergisi geçiriler

0
1040
1
0

30-31-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmen halysy-türkmeniň kalby”  atly halkara sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň  XV mejlisi geçiriler. Forumlar myhmanlary pudagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrar, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen möhüm işewür duşuşyklary geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Döwletimiz milli halyçylygy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýberýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk däpleri döwrebap esaslarda ösdürilýär. Biziň ýurdumyz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmak, dokma we haly önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Halyçylyk türkmen halkynyň gadymy sungatlarynyň biridir, onuň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy bardyr. Bu sungaty ösdürmegiň, gadymy halylaryň nusgalaryny dikeltmegiň, täze eýýamyň ruhuny beýan edýän täsin haly eserlerini döretmegiň halyçylaryň häzirki nesilleriniň esasy wezipeleriniň biri  bolup durýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru