Türkmenistanda uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde sanly telefon bekediniň göwrümleri giňeldilýär

0
548
5
1

Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleri telefonlaşdyrmak maksady bilen tehniki şertleriň taýýarlanandygyny habar berdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň 182 ilatly ýerinde 134 müň 656 belgilik häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän 203 sanly telefon bekedini gurnamak meýilleşdirilýär.

Pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň,  öňdebaryjy enjamlary we tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini, maglumatlar serişdeleriniň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny nygtady. Awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň ösen ulgamy, şol sanda sanly telefon beketleri  aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatlaryny, şeýle hem giň zolakly Internete birikmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Döwletara telefon aragatnaşygyny giňeltmek maksady bilen, transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam edýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru