Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi ýola goýmagy üpjün etmegiň Maksatnamasy kabul edildi

22:5516.05.2015
0
4982

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak baradaky Kararlara gol çekdi.

Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamanyň çäklerinde 33 taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Himiýa pudagynyň, senagat we ýeňil senagaty ulgamlarynyň, oba hojalygynyň, azyk senagatynyň, derman senagatynyň ösüşine gönükdirilen täze önümçilikleri işe girizmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň Döwlet maksatnamasy 81 taslamanyň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Onuň çäklerinde gurluşyk, himiýa, durmuş ulgamyna degişli we ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümleriniň giň sanawyny ýola goýmak boýunça häzirki zaman kärhanalary gurlar. Mundan başga-da, et-süýt, gök we balyk önümlerini gaýtadan işlemek, ugurdaş önümçilik düzümlerini gurmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň