Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň täze edara binasy açylar

18:3816.05.2015
0
4122

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Binanyň umumy meýdany 56,6 müň inedördül metre barabardyr, onda netijeli işlemek,  myhmanlary kabul etmek, iri forumlary, ýarmarkalary, maslahatlary, tanyşdyryş çärelerini we beýleki işewür duşuşyklary, medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.

 Bu ýerde umumy meýdany 10 müň inedördül metre barabar bolan daşky sergi zolaklary, çaphana we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat merkezi, naharhana,  awtoulaglar üçin duralgalar we beýleki desgalar bar.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda, türkmen-eýran serhedinde bina edilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda menzilini ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görülýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň