Ak mermerli türkmen paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe taýýarlanýar

0
1183
2
0

19-25-nji maý aralygynda paýtagtymyzyň medeniýet ulgamyna degişli edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we sport toplumlarynda baýramçylyk duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, konsertleri we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak meýilleşdirildi. 20-nji maýda “Mekan” köşgünde  şäheriň künjeginde göwnejaý ösümlik zolagyny döretmek, iň gowy makala, goşgy, proza eserini ýazmak, aýdym we surat eserlerini döretmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsdeşliginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Ak mermerli türkmen paýtagtyna bagyşlanyp, Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda  bäsleşikler guralar.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda birbada “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý” we “Sagdynlyk” binalary açylar. Ol dabaralar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşar.

Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli medeni çäreler guralar. Onuň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň kinokonsert merkezlerinde, seýilgählerde we teatrlarda baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru