Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň hormatyna

09:2016.05.2015
0
2871

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda maslahatlaryň guralmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu senelere bagyşlanan makalalaryň çap edilmegi, dürli metbugat neşirleriniň  taýýarlanylmagy we çap edilmegi, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, eýýäm Türkmenistanda we daşary ýurtlaryň birnäçesinde 52 forumyň geçirildi, tele we radio gepleşikleriň  ýaýlyma goýberildi, sergiler we sport ýaryşlary  guraldy. Milli we halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senä gabatlanyp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 116 makala çap edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam berjek halkara derejeli dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri, şeýle hem bu jogapkärli işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, ähli hökümet agzalarynyň, beýleki ýolbaşçylaryň işjeň goşulmalydygyny we mynasyp goşant goşmalydygyny nygtady. Olaryň ählisi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin biziň ýurdumyza we halkymyza uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan mowzuklaýyn çykyşlary we makalalary taýýarlamalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň