Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti slowen kompaniýasyna bardy

06:1515.05.2015
0
3690

14-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Günüň birinji ýarymynda Türkmen döwletiniň  Baştutany “Iskratel” kompaniýasyna baryp gördi. Bu kompaniýa dünýäde telekommunikasion enjamlary  öndürýän, Ýewropa Bileleşiginiň esasy tehnologiki kompaniýalarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň edarasynda onuň baş direktory Želko Puliç we “Iskrateliň” müdiriýetiniň agzalary garşyladylar. Milli lybasdaky gyz belent mertebeli myhmana gül dessesini gowşurýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girmäge çagyrylýar. Binanyň öňünde üç baýdak — Türkmenistanyň, Sloweniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary parlaýar.

“Iskratel” kompaniýasynyň ýolbaşçylary milli Liderimizi onuň innowasion kuwwaty bilen tanyşdyryp, täze işläp taýýarlamalary hem-de çözgütleri hödürlediler, şeýle hem Türkmenistanda telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işiň netijeleri, ýerli telefon  aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek boýunça görülýän  çäreler barada habar berdiler.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýylyň oktýabrynda Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan “Iskratel, Telekomunikacijski sistemi, d.o.o., Kranj” slowen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Bu taslamanyň esasynda geçen ýyl kompaniýa tarapyndan jemi 63,5 müňden gowrak telefon belgilerini üpjün etmek üçin kommunikasion enjamlar, şol sanda internete çaltlyk bilen girmek mümkinçiligi bolan enjamlar iberildi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly beketler gurnaldy we ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 20 müň telefon belgilik hem-de 14 müň belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli sanly beketler işe girizildi. Ahal welaýatynda  10 müň 048  telefon belgilik hem-de 2 müň 208 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy we 9 sany ilatly nokatlary telefonlaşdyryldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Guwlymaýak, Gyýanly, Garabogaz şäherçelerinde jemi 3 müň 456 telefon belgilik hem-de 608 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy. Lebap welaýatynda 18 müň 816 telefon belgilik hem-de 2 müň 272 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketleri gurnaldy we 29 ilatly nokat telefonlaşdyryldy. Mary welaýatynda 6 müň 144 telefon belgilik hem-de 1 müň 088 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 5 müň 120 telefon belgilik hem-de 800 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy.

Soňra kompaniýanyň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana “Iskratel” kärhanalar toparynyň strategiýasyny we tehnologiki gazananlaryny hödürläp, özleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri we bu ulgamdaky ösüşiň geljegini nazara almak bilen, slowen hünärmenleri tarapyndan pudagyň we tutuş ykdysadyýetiň esasy hökmünde logistiki düzümi ösdürmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Gürrüň ulag gatnawlaryny, ýükleriň daşalmagyny we ýolagçylaryň gatnadylmagyny guramak we dolandyrmak, bu ulgamda netijeli hem-de ýokary hilli hyzmatlary etmek üçin täze  kommunikasion çözgütler barada barýar. 

Ulag ulgamlarynyň ähli görnüşleriniň sazlaşykly we çalt işlemegini üpjün etmek üçin maksatnamalaýyn kommutator işlenip taýýarlanyldy. Ol giň hyzmatlar toplumyny we gatnawlaryň ugurlaryny bir bitewi ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ulgamyň işi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa demir ýol ulgamlarynyň telekommunikasiýalaryny döwrebaplaşdyrmagyň  mysalynda görkezildi. Taslamanyň tanyşdyrylyşy tehniki görkezijiler we häsiýetnamalar, bu platformany ornaşdyrmagyň garaşylýan netijeleri baradaky jikme-jik maglumatlar beýan edilen slaýdlar arkaly amala aşyryldy.

 

Şeýle maksatnamalaýyn önümiň ulanylmagy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň takyk işlemegini, ýük iberijiler we alyjylar üçin amatsyzlyklary döretmezden, ulagyň bir görnüşinden beýleki bir görnüşine çalt we netijeli geçilmegini üpjün eder. Munuň özi müşderilere petekleri öňünden çalt we hiç bir kynçylyksyz bellemäge, gitjek ýeriniň has amatly  ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Bu ulgam gatnawlaryň tutuş işini işjeňleşdirmegi we ony gözegçilikde saklamagy üpjün eder. Logistiki ulgamlary gowulandyrmagyň görkeziş nusgasy hökmünde Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ugurlary alyndy. Ýagny, iň täze telekommunikasion çözgütleriň kömegi bilen Türkmenistanyň demirgazygyndan günortasyna hem-de ýurduň gündogaryndan günbataryna ýük we ýolagçy akymlaryny kadalaşdyryp, gatnawlaryň wagtyny ep-esli gysgaldyp we maddy çykdajylaryny ep-esli kemeldip hem-de ulag toplumynyň girdejililigini, onuň üstaşyr bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyryp boljakdygy görkezildi. 

Bu platformanyň artykmaçlyklary ony dolandyrmagyň ygtybarlylygy we durnuklylygy, onuň “arhitekturasyny” ulgamlaryň islendik  möçberine çenli üýtgedip bolýandygy, beýleki giň zolakly maglumat ulgamlary bilen sazlaşyp bilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ykjamlylygy, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berýän internet-aragatnaşygy ulanmak bilen täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, halk hojalyk toplumynyň we ilatymyzyň islegleri kanagatlandyrylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda ýokary tehnologiýaly platforma bilen işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri hem gozgaldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, işgärleri taýýarlamak meselesi, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän türkmen ýaşlarynyň okamagy üçin orunlary artdyrmak mümkinçiligine garaldy.

Sloweniýanyň kompaniýalary öz işini Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrýarlar, olar üçin hem bu ugurda işgärleri zerur bolup durýar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar hem şuňa gönükdirilendir. Şunda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe diňe bir esasy hünärmenleri däl, eýsem, orta hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäniň wajypdygyny belledi. Munuň özi täze hünär ugurly okuw mekdepleriniň döredilmegini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hem-de Sloweniýanyň ýörite okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň araosynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, mugallymlary we talyplary alyşmagyň, gysga möhletli okuwlary we okuw maslahatlaryny guramagyň maksada laýykdygy baradaky pikiri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, “Iskrateliň” öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny beýleki köp ulgamlarda hem — saglygy goraýyş, bilim, durmuş hyzmaty ulgamlarynda we beýlekilerde ulanmak bolar. Bir söz bilen aýdylanda, tehnologiki işläp taýýarlamalaryň çeýeligi   olary islendik ulgama ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly tehnologiýalar eýýamynda bu örän zerurdyr, ol internet-aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna häzirki zaman hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem kompaniýanyň dolandyryş toplumynyň ýolbaşçylary  bilen tanyşdyryldy. Kompaniýanyň düzüminde işgärleriň müňden gowragy işleýär, hünärmenleriň 300-e golaýy  dünýäniň 20 ýurdundaky şahamçalarynda zähmet çekýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň