Türkmenistanyň Prezidenti sloweniýaly çapyksuwar gyzlar Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy

0
610
2
0

Türkmenistanyň Prezidenti lipisian atlarynyň gezim edişini synlady. Ap-ak bedewlere atlanan çapyksuwar gyzlar görkezme maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Bedewleriň bu tohumynyň ady  Lipisa diýen obanyň ady bilen baglanyşyklydyr, ol künjek Sloweniýanyň paýtagty Lýublýany şäherinde ulagda bir sagatlyk uzaklykda sloweniýa-italýan serhedinde we Adriatika deňziniň golaýynda ýerleşýär. Lipisa atçylyk zawody köpasyrlyk däpleri bolan gadymy kärhanadyr. 1918-nji ýyla çenli Lipisanyň at ýataklary Awstriýanyň imperatoryna degişli bolupdyr, bu ýerdäki işlere mirasdüşer şazadanyň özi gözegçilik edipdir. Şol döwürlerden bäri bu ýerdäki düzgün-tertip kän bir üýtgemändir. Arassaçylyk we berk düzgün-tertip öňküligi ýaly saklanylýar. Öňküden bir tapawutly zat indi bu ýerde saklanylýan 400 sany bedew diňe bir aristoktratlar – patyşa nebereleri üçin däl-de, isleg bildirýän ähli syýahatçylar üçin hem elýeterlidir. 

Lipisa ak atlary ösdürip ýetişdirmek bilen dünýä meşhur bolan Lipisada bu işler 1580-nji ýylda ýola goýlupdyr. Özboluşly karst tohumy ispan, neapolitan we arap atlarynyň tohumy bilen kämilleşdirilip, bu künjegiň esasy bedew tohumydyr. Ýygnamlygy hem-de çalt tälim berip bolýandygy bilen tapawutlanýan bu bedewler patyşa maşgalasynyň, goşunyň hem-de atly gezip etmegiň ispan mekdebi üçin ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu ýerleriniň hemişe ýel öwüsýän hem-de daglyk tebigy şertleri örän çydamly, şol bir wagtyň özünde hem owadan atlary ýetişdirmäge mümkinçilik beripdir. Bu atlaryň kemala gelmegi hem çylşyrymly howa we geografiýa şertlerinde öz sypatlary boýunça deňi-taýy bolmadyk naýbaşy bedewleri ýetişdirilen, türkmen halkynyň zähmetsöýerligi hem-de seçgi zehininden kemala gelen ahalteke bedewleriniň döredilişi bilen meňzeşdir.

Lipisian atlarynyň esasy aýratynlygy – olaryň esasan  gara reňkde doglup, wagtyň geçmegi bilen  ap-ak reňke eýe bolýandygydyr. “Reňkli”  taýçanaklar 8-9  aý ýaşynda ýüňüniň çalt “aklaşmagy”  netijesinde ak ýa-da açyk çal görnüşe girýärler. Şunda genetikanyň – zanynyň, has takygy gene (Grey ýagny Çal)  täsiri örän uludyr.  Bu häsiýet umumy nesilden müňýyllyklaryň dowamynda galan mirasdyr.

Häzirki wagtda atlaryň lipisian tohumy beýleki ýurtlarda – Rumynýiada, Italiýada we Ýugoslawiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Indi 3 müň ýyla golaý wagt bäri bu ajaýyp bedewler atçylyk sporty boýunça ýaryşlara gatnaşyp, deňi-taýy bolmadyk üstünlikleri gazanýar. Drawing (biri-birine daňylyp goşulan atlaryň bäsleşikleri), atly gezip etmegiň nusgawy görnüşinde, konkurda ýeňiş gazanýarlar. Bu atlary Awstriýa häzire çenli satyn alýar, ol bedewler meşhur Wena atly balete hem gatnaşýar.

Eger-de, reňki hasaba alynmanda, lipisian we ahalteke bedewleriniň arasynda buýsançly seýkin basyşy, çeýeligi we şol bir wagtda kuwwatlylygy,  ýerden aýagyny üzüp çapmak ýaly dogabitdi ukyby, hereketi duýmak we paýhas ýaly sypatlarynda meňzeşlik görmek bolýar. Adam olaryň ynamyna girip bilse, bedewler bu duýguny hemişelik saklaýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru