Soňky habarlar

Arhiw

“Lýubeniň” Aşgabatda bolan konserti Beýik Ýeňşe bagyşlandy

08:2314.05.2015
0
5871

Russiýanyň meşhur “Lýube” toparynyň 13-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda bolup geçen konserti türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda aýdyň waka boldy. Ony ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanan “Ýeňiş. Ählimiz üçin birdir” atly bu medeni çäre foşizme garşy göreşde gazanylan ýeňşe, dünýäni halas etmäge, asmanymyzyň arassa, durmuşymyzyň şatlykly bolmagyna dahylly adamlaryň ählisine baş egip tagzym etmekden ugur alýar. Onuň esasy maksady — parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna adamlary bir-birege ýakynlaşdyrmakdan ybarat.

Mukamlar köşgüne ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň arasynda uruş weteranlary hem bar. Olar belli topary we onuň birsyhly öňbaşçysy — Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Nikolaý Rastorguýewi şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Konsert programmasyny “Şapak bolsa” diýen aýdym açdy. Ondaky: “Meniň ähli aýdymlarym dostlarym ýakynymda bolarlar” diýen setirler toparyň çykyşynyň tutuş äheňini mälim etdi. Konsertiň başlanan pursadyndan Nikolaý Rastorguýew tomaşaçylar bilen parahatçylyk, hakyky dostluk, her bir adamyň ýüregine ýakyn ýatlamalar, Watana bolan söýgi barada gürrüň etdi. Beýik Ýeňşiň şanyna guralan konsertiň utuşly topary hem şundady, çünki bu söhbetler Parahatçylyk baradady!

“Batka Mahno”, “Ýedikiriş gitara”, “Ýene-de şol”, “Sagat”, “Berýozalar”, “Esasy zat — sen bar mende”, “Garaňky gorganlar ukuda”, “Derýa, sen meni äkit”, “Biziň howlymyzyň oglanlary”... tomaşaçylar “Lýubeniň” bu belli aýdymlaryny ilkinji akkordlardan anyklap, gyzgyn kabul edýärdiler. Uruş ýyllaryndan söhbet açýan “Gel, şonuň ...” we ilkinji gezek Beýik Ýeňşiň 50 ýyllygynyň bellenilen günleri ýaňlanan “Kombat” bolsa zala ýygnananlara has-da güýçli täsir etdi.

Şeýle hem “Lýube” türkmenistanlylara toparyň ýolbaşçysy, kompozitory we prodýuseri Igor Matwiýenkanyň 55 ýaş toýy hem-de geçen ýyl bellenilen “Lýubeniň” esaslandyrylmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredilen “Watanym — käbäm, seniň üçin” atly täze albomdan aýdymlary hödürlediler.

Konsertiň jemleýji aýdymy hut şol täze albomdan ýerine ýetirildi. Ol Ýeriň ýüzünde asuda ýaşaýşy üpjün etmek üçin esgerleriň görkezen edermenliginiň we Parahatçylygynyň özboluşly senasy bolup ýaňlandy.

Zal uzak wagtlap söýgüli artistlerini sahnadan goýbermän, olary gyzgyn elçarpyşmalar we gül desseleri bilen sylagladylar.

Konsertiň ahyrynda Nikolaý Rastorguýew mähirli garşylandyklary, öz ajaýyplygy bilen haýran galdyran gözel şäher Aşgabatda bolup görmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine, bu täsirli agşamyň guramaçylaryna, tomaşaçylara hoşallyk bildirdi. “Lýubeniň” öňbaşçysy türkmenistanlylara şu ýyl bellenilýän şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly bilen gutlady, hemmelere arassa asman we uly bagt arzuw etdi.

Konsertden taýýarlan fotoreportažy synlamagy unutmaň!        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň