Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal kansleri bilen duşuşdy

10:5813.05.2015
0
2664

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň federal Konselýariýasyna bardy. “Staýns rum” zalynda Türkmenistanyň baştutanyny Awstriýa Respublikasynyň Federal Kansleri jenap Werner Faýman garşylady.

Awstriýa Respublikasynyň Federal kansleri Prezident Gurbanguly
Berdimuhamedowy şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň uly üstünlige eýe bolmagy bilen gutlap, olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin Awstriýanyň Federal kanslerine minnetdarlyk bildirdi. Birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini saklaýandygyny bellemek ýakymlydyr diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de taraplara ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreden şu saparyň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamakda dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklar möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de ösüşe ymtylmaga esaslanan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri dünýä ösüşiniň möhüm meseleleriniň köpüsi, aýratyn hem halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine hem howplaryna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti özara düşünişmek ýagdaýynyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Taraplaryň pikirine görä, şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine degip geçip we olaryň okgunly ösdürilýändigini belläp, häzirki haryt dolanyşygynyň iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine gabat gelmeýändigine ünsi çekdi we diňe bir iki ýurduň döwlet edaralarynyň arasynda däl, eýsem, Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň telekeçilik düzümleriniň derejesinde hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu maksatlar bilen biz bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, sergileri, ýarmarkalary guramak mümkinçiligine garamaga, iki döwletiň telekeçileriniň we söwda edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri alyşmaga taýýardyrys diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Öz nobatynda, Awstriýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Kompaniýalaryň köpüsi, şol sanda Ýewropa işewürliginiň öňdebaryjylary türkmen bazaryna çykmaga çalyşýarlar.

Senagat, ulag we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem aýratyn durlup geçildi.

Taraplaryň pikirine görä, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-gumanitar ulgam möhüm orun eýeleýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň iki ýurduň bilim we akademiki edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, awstriýaly alymlaryň Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy forumlara gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşler şeýle hem iki ýurduň we halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm şerti hökmünde däp bolan medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Biz Siziň halkyňyzyň baý hem-de özboluşly medeniýetine uly hormat goýmak bilen garaýarys we Awstriýada hem Türkmenistanyň halkynyň taryhyna şeýle garaýşyň bardygyna ynanýarys diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy hem-de Medeniýet günlerini geçirmegiň hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjek bilelikdäki festiwallary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilýändigini, dekabr aýynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bu senä bagyşlanyp ýokary derejedäki Halkara maslahatyň geçirilýändigini nygtap, Awstriýanyň Federal kanslerini bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Kansleri açyk we işjeň gepleşikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, türkmen Liderine saparyň üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi. Ol şeýle hem barha berkeýän türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň kuwwatynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we bütin dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine netijeli peýdalanyljakdygyna ynam bildirdi.

Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň Baştutany jenap Werner Faýmana jogapkärli işinde üstünlikler, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi, Awstriýanyň dostlukly halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň