Türkmenistanyň Prezidenti bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

09:2613.05.2015
0
4036

12-nji maýda Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapynda dörän iş däbine laýyklykda, ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görülýän mahalynda, Wenada türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça bu ýere öň gelen türkmen wekiliýetiniň agzalary düýn günüň dowamynda köp sanly ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalary geçirdiler.

Awstriýa Respublikasynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde olara gatnaşanlar — Türkmenistanyň we Awstriýanyň hökümet agzalary, ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň we işewür toparlaryň wekilleri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Insbruk şäheriniň menejment merkeziniň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi.

“Hofburg” köşgünde Federal Prezident Haýns Fişer bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Jenap Haýns Fişer belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Awstriýa Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny belledi. Ilkibaşdan bu gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Awstriýanyň Baştutany şu gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de onuň ösüşine täze itergi bermäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa, taraplaryň bähbitlerine we häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin Awstriýanyň Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm orun berilýär.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasy-diplomatiki gatnaşyklarynda umumy zatlar köpdür, olaryň ikisi-de Bitaraplyk derejesine eýedir. Ýurtlaryň ikisi hem dünýä giňişliginde Bitaraplyk derejesiniň oňyn ýörelgelerine yzygiderli eýerýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awstriýa tarapyna Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki gezek “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmen Lideri bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň tebigy gazyň dünýä bazarlaryna, şol sanda Hytaýa, Russiýa we Eýrana iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini belledi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görmek işi tamamlaýjy tapgyrdadyr.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň energetika syýasatynyň gün tertibinde tebigy serişdeleri Ýewropa ugry boýunça ibermegiň aýratyn orunda durýandygyny belläp, bu babatda golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, köp ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny belledi. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, gaýtadan işleýän ulgamy pugtalandyrmak ugruna eýerýär, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şol taslamalara dünýäniň meşhur kompaniýalary gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň geoykdysady taýdan amatly ýerleşýändigi nazara alnyp, ulag ulgamynda hem giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, geçen ýylyň ahyrynda “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly işe girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Owganystan—Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň şeýle başlangyçlaryň halkara ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanda ylmy, bilimi, medeniýeti we syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, Awstriýa-Türkmen dostluk jemgyýetiniň netijeli gumanitar gatnaşyklary ýola goýmaga uly goşant goşýandygyny belledi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Haýns Fişer özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň we Awstriýanyň uly kuwwata hem-de giň mümkinçiliklere eýedigini belläp, taraplaryň ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Haýns Fişer Awstriýanyň ähli ugurlarda, şol sanda özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, awstriýa kompaniýalarynyň uly iş tejribesine, häzirki zaman tehnologiýalaryna, Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça nou-haulara eýedigi bellenildi.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti energetika ulgamynda özara gatnaşyklary şu günki gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän hem-de energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny goldaýandygyny beýan etdi. Jenap Haýns Fişer bular barada aýtmak bilen, Ýewropa ýurtlarynyň dünýä bazarlarynda “mawy ýangyjy” köp möçberde iberýän ýurtlaryň biri bolan Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynyň hatarynda energetika möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Awstriýa energiýanyň alternatiw görnüşlerini — ýel we Gün energiýasyndan netijeli peýdalanmagyň göreldesi bolup biler. Muňa garamazdan, bu ýurt özüniň energiýa serişdelerine bolan islegleriniň üçden iki bölegini gazyň hasabyna kanagatlandyrýar. Bu babatda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmäge ukyply geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar diýip, Federal Prezident nygtady.

“Awstriýa gaz ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän taslamalary goldaýar. Munuň özi Türkmenistanyň garaýşyna laýyk gelýär” diýip, jenap Haýns Fişer aýtdy we 2011-nji ýylda gol çekilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakyndaky Türkmen-Awstriýa Ähtnamasynyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek babatda ilkinji ädimleriň biriniň bolandygyny belledi.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzalyp gidýän Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi bermäge ukyply örän wajyp ugurdyr diýip, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti nygtady.

Jenap Haýns Fişer medeni-gumanitar ulgamy türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň Lideri türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlady we Awstriýanyň wekilleriniň bu şanly senä bagyşlanyp dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny belledi.

Federal Prezident awstriýa tarapynyň syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu saparynyň we şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Türkmen Lideri mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň wekiliýeti üçin döredilen ajaýyp şertleriň bilelikdäki işiň netijeli bolmagyna ýardam edýändigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, ählumumy we sebit durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegini şu gepleşikleriň gün tertibine girizilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň 2013—2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine, şeýle hem 2013—2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşine geçirilen saýlawlarda Türkmenistany goldandygyny muňa mysal getirdi.

Şunuň bilen birlikde, Awstriýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Energetika we ulag ulgamlarynyň hem geljegi uludyr. Bu ulgamlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýe bolup biler diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany: “Biz Awstriýany ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklarynyň çäklerinde ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarys” diýip aýtdy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde, Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň üsti bilen Merkezi Ýewropa we Günorta Ýewropa döwletlerine çykýan Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň strategiki geljegi hem äşgärdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy ýurtlaryň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça ulag-üstaşyr we logistiki düzümiň köp şahaly ulgamyny döredýär. Bu ulgam awtomobil, demir ýol, howa we deňiz gatnawlaryny özüne birleşdirýär. Munuň özi Merkezi Aziýanyň çägi arkaly Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna oňaýly ýoly açýar.

Türkmenistan Awstriýanyň sebitara ulag taslamalaryna gatnaşmagyny mübäreklär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň ugry boýunça, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Toparynyň çäklerinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, obýektiw sebäplere görä, energetika hyzmatdaşlygynyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir, olaryň kuwwaty halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Kuwwatly serişdeler binýady energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegi babatda uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda şeýle ylalaşyklar üç gaz geçirijisi — Türkmenistan—Russiýa, Türkmenistan—Hytaý we Türkmenistan—Eýran gaz geçirijileri boýunça hereket edýär.

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyrynda durýar. Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bildirilip garalýar.

Häzirki wagtda “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny bitewi gazulag ulgamyna birleşdirer we Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde zerur bolan halatynda energiýa serişdeleriniň uly möçberlerini gerek bolan ugra akdyrmaga ukyply bu gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly eksport edilmegi üçin goşmaça kepilligi döreder. Şeýle hem gury ýerdäki ýataklardan başga-da, ýurdumyzyň Hazar deňziniň türkmen böleginde energiýa serişdeleriniň ýeterlik gorlaryna, şol sanda Ýewropa taslamalaryny üpjün etmek üçin ýeterlik bolan gorlara eýedigini bellemek gerek.

Şunda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistan üçin möhüm mesele bolup durýar. Giň möçberli energiýa taslamalary durmuşa geçirilende halkara tebigaty goraýyş kadalarynyň we standartlarynyň berk berjaý edilmegi hökmany şert bolmalydyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen birlikde, döwrebap nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmak üçin netijeli ädimler ädilýär. Şol önümçilikler iň täze tehnologiýalar esasynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň köp görnüşlerini çykarar. Şeýlelikde, ýakyn wagtda uglewodorod çig malynyň eksportunyň möçberleriniň häzirki artdyrylmagyndan onuň içerki gaýtadan işlenilmeginiň kuwwatlyklaryny giňeltmäge we ýokary tehnologiýaly we degişlilikde has amatly, eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmaga geçmek mümkin bolar. Munuň özi türkmen ykdysadyýetiniň çig mal garaşlylygyny aradan aýyrmak we ony senagat ösüş ýoluna geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer.

Däp bolşy ýaly, ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda gumanitar gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir diýip, türkmen Lideri belledi. Şu babatda Türkmen-awstriýa dostluk jemgyýetiniň işi, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň üstünlikli döredijilik işi, Aşgabatda Wena şäheriniň Medeniýet günleriniň we Awstriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi oňat mysal bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen paýtagtynda geçirilýän Wena ballary ajaýyp däbe öwrüldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle başlangyçlaryň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, olaryň ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklaryny özara ynanyşmak ýagdaýynda ýola goýmaga ýardam edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany şu günki gepleşikleriň dostlaryň we hyzmatdaşlaryň gepleşigidigini belläp, onda ähli ugurlar boýunça türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertini görýändigini aýtdy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl türkmen halkynyň ähli dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu çözgüdini goldan döwletleriň biri-de Awstriýa Respublikasydyr. Türkmen Lideri Türkmenistan ýaly, Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini aýdyp, Awstriýanyň Federal Prezidentini şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara maslahata we beýleki baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly goşandy üçin jenap Haýns Fişere minnetdarlyk bildirip, Awstriýanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Mariýa Tereziýa” zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýa; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa, goşulyşmak we daşary işler Federal ministrliginiň arasynda 2015—2016-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Awstriýanyň Federal Ykdysadyýet edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilýär.

Soňra iki ýurduň Liderleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda olaryň ähmiýetini nygtady.

Jenap Haýns Fişer soňky ýyllarda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň durnukly çuňlaşýandygyny hem-de giňelýändigini belläp, geçen döwürde ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň jemlerine oňyn baha berdi we geljekde hem ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. “Biziň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygymyz 2008-nji ýyldan bäri eýýäm dördünji duşuşygymyzdyr” diýip, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti aýtdy.

Awstriýanyň Lideriniň habar berşi ýaly, şu gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ykdysady we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Jenap Haýns Fişer gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň wajypdygyny nygtap, häzirki wagtda Türkmenistanda awstriýa firmalarynyň birnäçesiniň işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu firmalar öz ýurdunyň çäklerinden daşarda-da meşhurdyr. Olar Türkmenistan üçin gyzykly bolup biljek ýokary ylmy tehnologiýalara we nou-haulara eýedir. Bu babatda saglygy goraýyş, gurluşyk we beýleki köp ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly hasaplanylýar.

Federal Prezident okgunly ösýän Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy barada durup geçip, bu babatda Awstriýanyň özüni Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda baglanyşdyryjy merkez hasaplaýandygyny belledi.

Jenap Haýns Fişer ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine işjeň çemeleşýändigini goldaýandygyny aýdyp, öz tarapyndan, Awstriýanyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.

Dostlukly ýurduň Baştutany ýokarda aýdylanlary jemläp we bilelikde işlemek üçin köp ugurlaryň bardygyny aýdyp, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistana bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Gepleşikleriň barşynda dürli ugurlarda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şu duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýada hem-de Ýewropada ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge islegiň bardygy beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň we Awstriýanyň Bitaraplyk derejesi, olaryň parahatçylyk döredijilik işine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy möhüm şert hökmünde çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdyp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyny maşyngurluşyk, oba hojalygy, azyk, himiýa, kagyz, metallurgiýa senagaty, syýahatçylyk ýaly pudaklarda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz döwrebap önümçilikleri guramakda, marketingde, dolandyryşda Awstriýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär.

Gepleşiklerde energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine uly üns berildi. Biziň ýurtlarymyzyň bar bolan düzümi we geografik ýagdaýyny nazara almak bilen, Gündogar — Günbatar ulag akymlaryna üstünlikli goşulyp, Gündogar we Merkezi Ýewropa çykmak üçin ähli mümkinçilikleri bar.

Türkmenistan Awstriýany Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm bölegi hökmünde görýär, Awstriýanyň sebitara ulag taslamalaryna gatnaşmagyny goldarys diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda türkmen Lideri ýurtlarymyzyň ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Toparynyň ugry boýunça bilelikdäki işleriň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika strategiýasyna ünsi çekip, uglewodorod çig malynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, günbatar ugurda Türkmenistandan täze ugurlary döretmegiň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýandygyny nygtady. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu babatda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropanyň arasyndaky uzakmöhletleýin energetika gatnaşyklarynyň çäklerinde Awstriýa bilen ysnyşykly gatnaşyklar üçin mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutany Awstriýanyň mundan beýläk hem bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary goldajakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşiklerde gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan gumanitar ugry ösdürmäge hem uly üns berildi. Taraplar iki ýurduň halklarynyň ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga, baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge ýardam edýän bilelikdäki çäreleri guramaga ýardam bermek, Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklary üçin şertleri döretmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem ylym hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny has-da giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Awstriýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belläp, şu günki gepleşikleriň iki tarapyň hem bu esasy kadalara ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Awstriýanyň Federal Prezidentini türkmen halkynyň bütin dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän taryhy senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 20 ýyllygynyň hormatyna şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrandygyny habar berdi.

“Türkmenistan hem-de Awstriýa Respublikasy uzakmöhletleýin geljek üçin ysnyşykly we köp ugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny hem-de çalyşýandygyny nobatdaky gezek görkezdiler. Ol biziň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşiniň şertlerine doly laýyk gelýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de awstriýaly kärdeşi jenap Haýns Fişere özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýokary derejedäki duşuşyk tamamlanandan soň, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti jenap Haýns Fişeriň adyndan “Hofburg” köşgüniň “Muziksimmer” zalynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi nahar berildi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň