Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory bilen duşuşdy

07:2113.05.2015
0
2724

12-nji maýda Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Ýukiýa Amano bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen döwletiniň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşen “Imperial” myhmanhanasynda geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, baş edarasy Wena şäherinde ýerleşýän Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi BMG-niň ulgamynda garaşsyz hökümetara gurama hökmünde 1957-nji ýylda döredildi. AEHA-nyň işiniň maksady atom energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

AEHA-nyň ýolbaşçysy türkmen Liderini mübärekläp, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruna ýokary baha berdi hem-de ýurdumyzyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini we onuň sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşýan uly goşandyny belledi. Şunda jenap Ýukiýa Amano ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu gurama Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde tanaýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri abraýly halkara guramalary, şol sanda AEHA bilen hem hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar.   

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, AEHA-nyň Dolandyryjylar Geňeşine bu halkara guramasyna agza bolmak hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň haýyşynyň kabul edilendigi hem-de ýurdumyzyň AEHA-nyň agzasy hökmünde bu guramanyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda Wenada geçiriljek baş maslahatynda dalaşgärliginiň oňlanylmagy üçin teklibine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ägirt  uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasaty barada aýdylanda, milletiň Lideri onuň esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň goýlandygyny belledi. Bar bolan kuwwatlylyk  ýurdumyza tebigy gazy Ýewraziýa yklymynyň birnäçe ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy durmuşa geçirilmegiň tapgyrynda dur. Ýewropa ugry hem möhüm bolup durýar. Degişli gepleşikleriň barha artdyrylmagy bu ugra depginli häsiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň derejesinde türkmen “mawy ýangyjyny” Ýewropa bazarlaryna ibermegi üpjün etmek üçin ýeke-täk guraly işläp taýýarlamak maksady bilen, dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazyň energiýa çeşmesi hökmünde çig malyň ekologiýa taýdan amatly görnüşleriniň biri bolup durýandygyny belläp,  Türkmenistanda elektrofikasiýa meseleleriniň hem doly çözülendigini nygtady.  

Milletiň Lideri ýurdumyz üçin şu ýylyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllygy bilen alamatlanýandygyny belläp, AEHA-nyň baş direktoryny Türkmenistana gelmäge hem-de bu waka bagyşlanyp, dekabr aýynda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.   

Jenap Ýukiýa Amano çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu geçen ýyllaryň içinde türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döredijiligiň, sebitde ynam we durnuklylyk ýagdaýynyň pugtalanmagynyň hakyky guraly bolandygyny nygtady. AEHA-nyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň ýurdumyz bilen mundan beýläk hem ýygjam özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistan birnäçe möhüm şertnamalara – ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan azat zolak hakynda we beýleki ähmiýetli resminamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerip, dünýäde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esaslarynyň berkarar bolmagyna, ýaragsyzlanmak babatda işleriň işjeňleşmegine mynasyp goşandyny goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň