Soňky habarlar

Arhiw

Boris Grigorýans: “Ahalyň” birinji derejeli wezipesi — ýeňiş gazanmak”.

16:3612.05.2015
0
3350

13-nji maýda Duşenbede AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginiň jemleýji, 6-njy tapgyrynyň duşuşygy geçiriler. Täjigistanyň “Istikloly” Türkmenistanyň “Ahalyny” kabul eder.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda “Şeratan” myhmanhanasynyň Ferdöwsi maslahatlar zalynda metbugat maslahaty geçirildi diýip, “Istiklolyň” resmi saýty habar berýär. Ilkinji bolup sowallara “Ahalyň” baş tälimçisi Boris Grigorýans we ýarym goragçysy Süleýman Orazow jogap berdiler.

Gürrüň Aşgabatda geçirilen birinji duşuşykdan başlandy (1:2).

—Biz näme üçin Aşgabatda “Istikloldan” ýeňildik? Elbetde, bu topar öz meýdanynda “Erbilden” asgyn gelensoň (1:3), biraz göwnüýetmezçilik etdik diýip hasaplaýaryn. Galyberse-de, şowsuzlyk boldy. Hasap 1:1 bolup durka 11 metrlik urgudan peýdalanyp bilmedik. Onuň hem sebäpkäri ine, şu pyýada (Süleýman Orazowa ümlenýär), ol bu urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi...

Ertir biziň öňümizde durýan birinji derejeli wezipe — ýeňiş gazanmak.

Bu duşuşygy “Ahalyň” goragçysy Zafar Babajanow sypdyrar. Bu siziň toparyňyz üçin ýitgimi?

—Uly ýitgi. Sebäbi ol — goragyň esasy oýunçysy. Ýöne bizde ony çalşyryp biljek mynasyp oýunçylar az däl.

—Siz yrymçyl adammy? Herhal ertir aýyň 13-i siz muňa nähili garaýarsyňyz?

—Geliň, muny syr hasap edeliň. Men — yrymçyl adam (gülýär).

—Siziň pikiriňizçe, “Istiklolyň” güýçli tarapy?

—“Istiklolda” ýeňijä mahsus bolan belent ruh, ýokary tehnika we hereket bar. Iň bolmanda Aşgabatdaky oýun muny görkezdi... Meniň pikirimçe, “Istiklol” bu güýçli toparçanyň — iň gowy topary. Elbetde, bu meniň şahsy pikirim.

Süleýman Orazow: “Ahalyň” ýarym goragçysy:

—Toparda höküm sürýän ýagdaý gowy, biz göreşe taýýarlanýas. Meniň pikirimçe, agyr oýun bolar. Biz diňe ýeňiş gazanmaga we oňat oýun görkezmäge çalşarys.              

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň