Şewçenko “Milanyň” we “Interiň” rowaýaty oýunçylarynyň duşuşygynda gol geçirdi

08:5512.05.2015
0
3680

4-nji maýda Milanyň “San-Siro” stadionynda futbol ýyldyzlarynyň haýyr-sahawat duşuşygy geçirildi. Onuň guramaçysy bolup “Interiň” öňki kapitany Hawýer Zanetti çykyş etdi. Oýun 6:4 hasabynda “Expo” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşyga ukrainaly Andreý Şewçenko hem gatnaşdy. Ol 44-nji minutda 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirdi. Aradan 4 minut geçensoň “Expo”-dan Leonardo tapawutlandy. Şeýle hem Eto’O bilen Kresponyň hersi iki pökgi geçirdi. Zanettiniň toparyndan Ikardi, Samorano, Palasio we şu günki dabaranyň sebäpkäriniň özi tapawutlandylar.

Duşuşykdan toplanan serişdeler üpjünçiligi pes maşgalalara gönükdiriler.

Zanettiniň topary — “Expo” — 4:6

Gollar: Ikardi (12), Zanetti (66), Samorano (73, 11 metrlik urgudan), Palasio (84) — Şewçenko (44, 11 metrlik urgudan), Leonardo (48), Eto’O (52, 71), Krespo (78, 89).

Walter Zenganyň taýýarlan Zanettiniň toparyna Kristian Abýatti, Juzeppe Barezi, Nikola Berti, Andreas Breme, Kafu, Esteban Kambýasso, Paolo Orlandoni, Kristian Kiwu, Diýego Kolotta, Huan Kordoba, Ýuriý Jorkaýeff, Mauro Ikardi, Gari Medal, Rodrigo Palasiýo, Andrea Ranokkia, Walter Samuel, Lionel Skalani, Seržinýo, Deýan Stankowiç, Demiano Tommazi we Iwan Samorano çykyş etdiler.

Demetrio Albertininiň ýolbaşçylygyndaky “Expo” toparyna Massimo Ambrozini, Zwanimir Boban, Nikolas Burdisso, Alessandra Kostakurta, Ernan Krespo, Denis Herman, Samuel Eto’O, Luiş Figu, Filippo Inzagi, Kristian Ledesma, Leonardo, Stefano Mauri, Salli Muntari, Hidetoşi Nakata, Alessandro Nesta, Paolo Kannawaro, Anžela Perussi, Klarens Zeedorf, Andreý Şewçenko, Ruben Sosa, Françesko Tolda we Kristian Wýeri wekilçilik etdiler.      

Duşuşygyň fotoreportažyny sypdyrmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň