Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Awstriýa Respublikasyna ugrady

22:2711.05.2015
0
2916

11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Awstriýa Respublikasyna ugrady. 12-nji maýda Wenada ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleri geçiriler.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynyň, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän käbir möhüm meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde bilelikde hereket etmegiň geljegi pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi bolar, Awstriýa 1995-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr.

Gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesiniň ara alyp maslahatlaşyljak möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygy tötänleýin däldir, munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ýangyç gorlaryna eýe bolmagy bilen hem, Ýewropa Bileleşiginde türkmen gazyna bolan islegiň barha artýandygy bilen hem şertlendirilendir. Türkmenistan ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, öz energiýa serişdelerini dünýä bazaryna, şol sanda Ýewropa bazaryna köpugurly ýol bilen ibermek barada oňyn syýasaty alyp barýar we halkara gaz geçirijilerini gurmak boýunça iri göwrümli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak barada gowy tejribe toplady.

Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu topar, şeýle hem syýasy geňeşmeler hem-de işewürlik maslahatlary hyzmatdaşlygyň geljeginiň giň ugurlaryny açmaga, ony hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ýardam edýär. 

Öňde boljak ýokary derejedäki türkmen-awstriýa duşuşyklarynyň jemleri boýunça iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň milli bähbitlerine we olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň