Berdiýewiň topary Ýewropa ligasynyň çärýek finalçysyndan ýeňildi

16:2211.05.2015
0
3339

“Rostow” Russiýanyň Premýer-ligasynyň 27-nji tapgyrynda myhmançylykda Ýewropa ligasynyň çärýek finalçysy “Zenitden” asgyn gelip (0:3), belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda bassyr ikinji gezek ýeňildi.

Rostowlylar esli wagtlap ýer eýeleriniň hüjümleriniň öňüni almagy başardylar, wagtal-wagtal özlerem hüjüm guradylar. Ýöne kem-kemden “Zenit” oýny öz eline alyp başlady we birinji ýarymyň ahyrynda öňe saýlandy. 45-nji minutda Oleg Şatow tapawutlandy. Goşmaça wagtyň soňky — 3-nji minutynda Halk hasaby artdyryp, şu möwsümdäki 14-nji pökgüsini geçirdi. 87-nji minutda bolsa Rondon gutarnykly hasaby goýdy — 3:0.

“Biziň birinji ýarymyň ahyrynda goýberen ýalňyşlyklarymyz ähli zady kesgitledi. “Zenit” olardan başarjaňlyk bilen peýdalandy. Üçünji pökgi bolsa — çaga ýalňyşy. “Zenit” mynasyp ýeňiş gazandy” — diýip, Gurban Berdiýew žurnalistlere aýtdy.

Öz gezeginde Andre Willaş-Boaş “Rostow” baradaky pikirini beýan etdi:

“Berdiýewiň gelmegi bilen, “Rostow” düýpli özgerdi we köp oýun utdy. Hususan-da, oýnuň gurluşy özgerdi. Haçan-da, tälimçi çalşylanda oýnuň hem ýöredilişiniň hörpi üýtgeýär. Berdiýew — tejribeli tälimçi... Häzir topar 5 goragçy bilen oýnaýar. Elbetde, beýle gurluşa garşy hereket etmek ýeňil düşenok”.

Gurban Berdiýewiň topary heniz premýer ligada galmak meselesini doly çözenok. “Rostow” 27 duşuşykdan soň, 27 utuk bilen 11-nji orunda barýar.

28-nji tapgyrda Gurban Berdiýewiň şägirtleri myhmançylykda “Mardowiýa” bilen duşuşarlar. Bu oýun 15-nji maýda geçiriler.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň