Soňky habarlar

Arhiw

KÄMIL marketde utuşly lotoreýa geçirmek dowam etdirilýär

06:1911.05.2015
0
25523

1—15-nji maý aralygynda “Berkarar” gipermarketiň birinji gatynda ýerleşýän KÄMIL marketde utuşly lotoreýa geçirilýär. Oňa KÄMIL marketde 75 we ondan köp manatlyk söwda eden her bir alyjy gatnaşyp bilýär.

Alyjylar kassa çegini görkezip, bar bolan bäş baýragyň haýsynda bolsa birini utup bilýär. Olar: “Kenegiň” buzgaýmaklary we tortlary, “Berkarardaky” buzly meýdançada ýa-da kinoteatrda, bouling oýnalýan ýerde, “Körpeler dünýäsi” oýun zolagynda bolup görmek ýaly baýraklardyr.

KÄMIL marketiň alyp barýan ugrunyň harytlaryň ähli görnüşlerine arzan bahalary göz öňünde tutýandygyny, bellenilen günlerde bolsa harytlaryň aýry-aýry görnüşler toplumyna ýörite arzanlatmalary girizmekden ybaratdygyny bellemek hökmanydyr. Mysal üçin, duşenbede — çörek-bulka we konditer, sişenbede — et, penşenbede — balyk, şenbede — gök we miwe önümlerini arzanladylan bahadan satyn alyp bolýar.

KÄMIL marketiň hyzmatyndan yzygiderli peýdalanýan alyjylar ýörite ýygym toplaýjy karty resmileşdirýärler. Oňa bu ýerde edilen islendik mukdardaky söwdadan bäş göterimi geçirilýär. Resmileşdirilen her bir karta maşgala agzalary üçin ýene üç kart berilýär. Edil esasy kart ýaly, olardan hem peýdalanyp, umumy ýygym toplaýjy hasabyň üstüni dolduryp bolýar. Kartda 5 göterimlik geçirmelerden toplanan gerekli möçberdäki pul arkaly KÄMIL marketde islendik haryt üçin hasaplaşyk geçirip bolýar.

Eger-de, bu ýerde 200 manatlyk söwda etseňiz, onda size “Berkarar” gipermarketiň çykalgasynda tölegsiz taksi garaşýar.

Şeýle hem KÄMIL marketde ikinji Nisan awtoulagynyň utuş çäresiniň hem dowam edýändigini ýatladýarys. Şeýle ulagyň ilkinjisine Jumamyrat Seýtiýew mynasyp boldy. Bu çäräni KÄMIL market “Akdaş” kompaniýasy bilen bilelikde gurady. Oňa gatnaşmak üçin KÄMIL marketden üç gap ýüregiňizi sowadyjy içgi — “Akdaş” söwda belgili çaý satyn almak hökmanydyr.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň