“Aşgabat” we “Balkan” ahmyrdan çykdylar

0
965
1
0

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 10-njy tapgyr Aşgabatdaky we Balkanabatdaky duşuşyklar bilen jemlendi.

Paýtagtda “Aşgabat” “Merwi” kabul etdi. Bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygy 2:1 hasabynda “Merwiň” peýdasyna tamamlanypdy. Bu gezek weli, aşgabatlylar 1:0 hasabynda ýeňip, ahmyrdan çykdylar. Ýeňiş pökgüsini 39-njy minutda Berdi Şamyradow geçirdi we 8 pökgi bilen netijeli hüjümçileriň arasynda üçünji ýere geçdi.

Balkanabatda hem ahmyrdan çykma hasaba alyndy. Bu ýerde AFK-nyň Prezidentiniň Kubogyny eýelän toparlar — “Balkan” bilen HTTU duşuşdy. olaryň arasyndaky birinji aýlawyň oýny 1:0 hasabynda tamamlanyp, HTTU toparyna ýeňiş getiripdi.

Ikinji aýlawdaky jogap duşuşygy, ine, şeýleräk hörpde geçdi. 12-nji minutda Amir Burbanynyň sag gyradan ýokardan geçiren pökgüsini Mekan Saparow kelle urgysy bilen derwezä gönükdirdi. Ikinji ýarymyň başynda jerime urgusyndan Begenç Annagurbanow hasaby artdyrdy. Soňra A. Gurbany myhmanlary derbi-dagyn etmek işine öz goşandyny goşdy. Ol 83-nji minutda derwezeçi bilen bir-bire çykyp, tapawutlansa, goşmaça wagtda Myrat Ýagşyýewiň ýokardan bermeginde pökgini boş derwezä gönükdirdi.

Şeýlelikde, 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Balkan” 19 utuk bilen ikinji orna geçdi. Ýurdumyzyň häzirki “Altyn asyryň” 24 utugy bar. Ýöne “Balkanyň” ondan bir oýun az geçirendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyry 15-nji maýda HTTU — “Aşgabat” duşuşygy bilen açylar.           

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Aşgabat» – «Merw» – 1:0 (1:0)

9-njy maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 150 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Berdi Şamyradow 39.

Duýduryş alanlar: Berdi Şamyradow 23, Gurt Podarow 66, Sergeý Kuznesow 90+1 – Yhlas Pälwanow 66, Begenç Alamow 72.

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Gözegçi emin: Batyr Orazsähedow.

 

«Balkan» – HTTU – 4:0 (1:0)

9-njy maý. Balkanabat. «Sport toplumy». 1 500 tomaşaçy.

Pökgini geçirenler: Mekan Saparow 12, Begenç Annagurbanow 48, Amir Gurbany 83, 90+2.

Duýduryş alanlar: Batyr Atamämmedow 85 – Muhammet Astanow 37.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Jemil Mamedow.

 

10-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçiren oýunçylar:

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 10 pökgi.

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 10 (1 – 11 mertlik urgudan).

Berdi Şamyradow (“Aşgabat”) – 8.

Didar Durdyýew (“Hazyna”) – 8 (1).

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 8 (3).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru