Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňşiň 70 ýyllygy ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy

09:1810.05.2015
0
4366

9-njy maýda ir bilen  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. 

... Üç ýarym sagatdan soň Prezidentiň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň “Wnukowo-2” Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutany howa menzilinden Kremle tarap ugrady. Bu ýerde, Tugraly zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Liderleri mähirli görüşýärler, soňra bilelikde surata düşýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa gelen belent mertebeli myhmanlar – döwlet we hökümet baştutanlary bilen Gyzyl meýdandaky merkezi münbere tarap ugraýar. 

Türkmen halky beýik Ýeňşe uly goşant goşdy. Gazaply uruş ýyllary türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri  bilen egin-egne berip, janyny aýaman söweş meýdanlarynda edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar, häzirki wagtda onuň gahrymançylykly durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we kasama wepalylygyň nusgasyna öwrüldi. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen harby ýöriş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Wnukowo-2” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň