Türkmenistanyň Prezidenti geljek hepdede resmi sapar bilen Awstriýa Respublikasynda bolar

0
556
2
0

Geljek hepdede Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň  baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna resmi sapary bolar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýa bolan resmi sapary däbe öwrülen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Awstriýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň işi söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirildi. Ikitaraplaýyn  işewürler maslahatlary, şeýle hem medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni çäreleriň hatarynda türkmen paýtagtynda guralýan Wena baly hem bar.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-awstriýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, onuň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru