Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda milli önümçiligiň nyrhy we hili babatda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary taýýarlanylýar

10:3209.05.2015
0
8620

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem-de Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirildi.

Maksatnamalarda esasy maksatlar we wezipeler, meýilleşdirilýän taslamalaryň sanawy, göz öňünde tutulýan girdejileriň möçberleri, şeýle hem himiýa senagatynda, senagat ulgamynda, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, oba hojalyk ulgamlarynda we azyk senagatynda, derman serişdelerini öndürmekde täze önümçilikleri guramagyň maksadalaýyklygy baradaky ykdysady esaslandyrmalar kesgitlenildi.

Göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli önümçiligiň hil we baha babatda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmäge we ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň