Soňky habarlar

Arhiw

Çempion arany açýar, “Şagadam” bolsa öňdebaryjynyň yzyndan ýetmäge çalyşýar

09:0509.05.2015
0
5015

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynyň başlanandygyny mälim eden 10 –njy tapgyryň ilkinji oýun gününi Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy.

Paýtagtda milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän “Hazyna” ýurduň häzirki çempiony “Altyn asyry” kabul etdi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň toparyna ýedinji ýeňiş getiren pökgüleri Süleýman Muhadow geçirdi we 10 pökgi bilen öňde barýan “Balkanyň” oýunçysy Myrat Ýagşyýewiň yzydan ýetdi. Garşydaş topardan bir pökgini Guwanç Abylow geçirdi. Netijede 1:2 hasabynda “Hazynany” ýeňen “Altyn asyr” esasy garşydaşlary “Ahal” bilen “Şagadamdan” 6 utuk öňe saýlandy.

Deňizýaka futbolçylar bolsa bu tapgyrda öz meýdanynda 5:2 hasabynda “Daşogzy” ýeňdiler. Bu duşuşykda iki dubl (Bir oýunda iki pökgi geçirmek) hasaba alyndy. Şeýle netijelilik bilen ýer eýelerinden Hemra Amanmämmedow, myhmanlardan bolsa Ibragim Ibragimow tapawutlandylar.

Milli çempionatyň 10-njy tapgyry 9-njy maýda “Aşgabat” — “Merw” we “Balkan” — HTTU duşuşyklary bilen jemlener.  

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Hazyna” – “Altyn asyr” – 1:2 (0:1)

8-nji maý. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow 65 – Süleýman Muhadow 9, 69. 

Duýduryş alanlar: Döwran Orazalyýew 58, Guwanç Rejepow 77 – Döwletgeldi Durdyýew 59, Selim Nurmyradow 63, Süleýman Muhadow 82.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Gözegçi emin: Çaryýar Ataýew.

 

«Şagadam» – «Daşoguz» – 5:2 (2:0)

8-nji maý. Türkmenbaşy etraby. «Sport desgasy». 150 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Tirkeş Muhammetberdiýew 8, Hemra Amanmämmedow 38 (11 metrlik urgudan), 63, Döwlet Baýramow 60, Ýewgeniý Tkaçenko 90+2 – Ibragim Ibragimow 78, 80 .

Duýduryş alanlar: Ýunus Orazmämmedow 73 – Merdan Rejepbaýew 38.

Emin: Ruslan Ereşow.

Gözegçi emin: Öwez Gylyçmyradow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň