“Ahal” Täjigistanyň “Istikloly” bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän toparyň garşysyna geçirilen oýunda ýeňlişden halas boldy

0
681
0
0

Baýramalyda “Energetik” “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahalyny” kabul etdi. Bu Türkmenistanyň wise-çempiony we iki gezek Kubogynyň eýesi üçin AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginde 13-nji maýda Duşenbede “Istiklola” garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasyndaky soňky taýýarlyk boldy.

Bäş gün mundan ozal “Ahal” ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyra” garşy 2-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi — 1:1. Indi bolsa ahallylar nobatdaky duşuşygy hut şeýle hasap bilen tamamlap, ýene-de utuk ýitirdiler. Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topara garşy oýnunda düzümde düýpli kynçylyk çekýän “Ahal” (geçen oýunda gyzyl petek görkezilen Gurban Annaýew)

1:0 ýeňlip gelýärdi. 51-nji minutda Azamat Açylow çep gyradan geçirilen pökgini kelle urgysy bilen derwezä gönükdirip, “Energetigi” öňe saýlady. Ýöne 77-nji minutda geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçisi Mämmedaly Garadanow hasaby deňledi —1:1.

Bu duşuşykdan soň, “Ahal” 18 utuk bilen ikinji orunda barýar. Ýöne 9-njy maýda öz meýdanynda HTTU-ny kabul edýän “Balkanyň” onuň öňüne geçmäge mümkinçiligi bar.  

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 «Energetik» – «Ahal» – 1:1 (0:0)

8-nji maý. Baýramaly. «Sport desgasy». 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Azamat Açylow 51 – Mämmedaly Garadanow 73.

Duýduryş alanlar: Mekan Çaryýew 69, Artýom Nikitenko 86, Kerim Hojaberdiýew 87 – Begli Meredow 74.

Emin: Mihail Litwinow.

Gözegçi emin: Mels Işmuhammedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru